Sepleriň elýeterliligi

Hasbolat: "Ýolbaşçylar dost-da, ýönekeý halk dost dälmi?"


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül, Türkiýe, 9-njy awgust.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow we Türkiýäniň prezidenti Abdullah Gül, Türkiýe, 9-njy awgust.

Türkmenistan soňky birnäçe ýylyň dowamynda turizm pudagyny ösdürmek we daşary ýurtllardan turistleri ýurda çekmek üçin milliardlarça dollar maýa goýdy. Emma Döwlet statistika gullugynyň ýakynda ýaýradan hasabatyndan çen tutulsa, bu ugurda görnetin üstünlik gazanylandygyny aýtmak kyn.

Şol maglumatda aýdylyşyna görä, 2011-nji ýylda Türkmenistana jemi 8697 turist barypdyr. Eýsem, bu ýurda gezelenje barmak isleýän turistler nähili kynçylyklary başdan geçirýärler? Azatlyk Radiosy bu barada Stambulda ýerleşýän “ATN travel” firmasynyň wekili Dawut Hasbolat bilen söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana syýahata barmak üçin wiza talap edilýärmi?

Dawut: Hawa, diňe şu gün dört adamdan [wiza boýunça] talap geldi. Wiza alyp bilmändiklerini aýtdylar. Kömek etmegimi islediler. Men öňler kömek edýärdim, ýöne indi kömek edip bilmejekdigimi aýdyp, ähli ýolagçylary yzyna iberdim. Her gün üç adam ýüz tutýar. Bir ýylda näçe adam bolar, özüňiz oýlanyp görüň!

Azatlyk Radiosy: Wiza almakdaky kynçylyk nämeden ybarat?

Dawut: Esasy problema çakylyk. Hemme kynçylygyň sebäbi çakylyk.

Azatlyk Radiosy: Çakylygyk almagyň kadasy nähili? Nähili dokumentler gerek we olar nirden alynmaly?

Dawut: Türkmenistana gitjek adamyň pasportynyň kopiýasy Türkmenistandaky degişli jogapkär gurama ýetirilmeli. Dokumentler şol gurama barmasa, Türkmenistana gidip bolanok. Hemme zatdan owal Türkmenistana barjak bolýan turistiň pasportyna görä rugsat berilýär. Ondan soň hem şoňa görä çakylyk taýýarlanýar. Çakylyk Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde tassyklanýar. Göz öňüne getirip bilýäňizmi? Dokumentleriň hemmesiniň asyl nusgasy talap edilýär. Ondan soň hem 30 güne çenli garaşmaly bolýar.

Azatlyk Radiosy: Wiza alanyňdan soň kynçylyk döräp bilýärmi?

Dawut: Myhmanhana barada hem kynçylyk döreýär. Türkmenistana gitjeklere myhmanhanalaryň ýa-da gezelenç firmalarynyň araçy bolmagy zerur. Olar bolsa kömek edenoklar. Sebäbini bilemok. O taýdaky kadalar tapawutlymy ýa-da olaryň wagty ýeterlik dälmi, bilemok. Meselem, 4 we 5 ýyldyzly myhmanhanalar öňünden puluny doly tölän mahalyň kömek edýär. Emma 3 ýyldyzly myhmanhana çakylyk üçin ýüz tutan mahalyň çakylyk berenok.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistana gitjeklere wiza hyzmatyny hödürlemekden näme üçin ýüz öwürdiňiz?

Dawut: Biz owal Türkmenistanda bir gezelenç firmasy bilen işleşýärdik. O taýdaky uzaga çekýän wiza proseduralary sebäpli ýolagçylar bilen aramyzda gaty uly problemalar döredi. Wiza çakylygy 25 günden owal taýýar bolanok. Köplenç 30 günden hem köp garaşmaly bolýarys. Şonuň üçinem Türkmenistandaky syýahat firmasy bilen wiza almak boýunça işleşmekligi goýbolsun etdik.

Azatlyk Radiosy: Turistler nirede we haçan kynçylyga sezewar bolýarlar?

Dawut: Turistler wiza almazdan öň kynçylyga duçar bolýarlar. Turistler wiza alandan soň Türkmenistanda hiç hili kynçylyk çekenokler. Türkmenistandan çakylyk alyp bilenoklar. Çakylyk Türkiýä gelensoň, ilçihanaň bankdaky hasabyna 45 dollar wiza tölegini geçiren badyňa 2-3 günde wiza almak mümkin. Wiza bilen baglanyşykly bar kynçylyk Türkmenistan tarapynda, bu meselede Türkiýe bilen baglanyşykly hiç bir prosedura bökdençligi ýok. Adaty ýagdaý bolan bolsady 2 günde çakylyk berlerdi we Türkiýede hem 3 günüň dowamynda wiza alnardy. Şeýlelikde 5 günüň dowamynda wiza işi tamamlanardy.

Azatlyk Radiosy: Türkiýeden, islän adam turist bolup, Türkmenistana gidip bilýärmi? Turist wizasyny isleýänleriň ýüzden näçe bölegi wiza alyp bilýär?

Dawut: Islän adam gidip bilenok. Hökmany suratda çakylyk talap edilýär. Wiza çakylygyny almak bolsa 30 güne çekýär. Şu wagta çenli wiza almak üçin ýüz tutup, talaby ret edilen hiç kim ýok. Ýöne çakylyga gaty köp wagt garaşmaly bolýandygy sebäpli, adamlar Türkmenistana gitmekligi goýbolsun edýärler.

Azatlyk Radiosy: Wiza prosedurasy Türkmenistanyňky ýaly bolan başga-da ýurtlar barmy?

Dawut: Hawa, başga ýurtlarda hem wiza kynçylyklary bar. Meselem, Wetnam wizasynda hem edil Türkmenistandaky ýaly kynçylyk bar. Häzirki döwürde Wetnama hem turist bolup gidip bolanok. Türkmenistana wiza almak üçin Daşary işler ministrliginden alnan çakylygyň asyl nusgasy talap edilýän bolsa, onda Wetnam wizasy üçin hem edil şolar ýaly, J-1 J-2 dokumentler talap edilýär.

Azatlyk Radiosy: Türkiýeli turistleriň Türkmenistanda ünsüni çekýän zat näme?

Dawut: Elbetde, Türkmenistanyň taryhy ünsi çekýär. Bilşiňiz ýaly, taryh örän möhüm rol oýnaýar. Biziň umuny taryhymyz bar.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistan bilen Türkiýäniň arasyndaky häzirki wiza prosedurasy, siziň pikiriňizçe, adaty ýagdaýmy?

Dawut: Türkmenistanyň garaşsyzlygyny ykrar eden ilkinji ýurt Türkiýedir. Dost we dogan bir ýurt bilen şeýle wiza kynçylygynyň bolmagy bizi gaty gynandyrýar. Bu ýagdaý hökümetleriň arasyndaky problema. Iki ýurduň prezidentleriniň we hökümetleriniň arasynda gatnaşyklar gowy diýip görkezilýär. Şeýle bolýan bolsa, onda näme halka kynçylyk çekdirilýar?! Ýogsam, diňe ýolbaşçylar dost-da, ýagny biz, ýönekeý halk, dost dälmi? Häzirki ýagdaýa şeýle düşünmelimi?! Ýolbaşçylaryň diplomatik pasportlary bar. Adaty pasporty bolanlar onda nädip gidip-gelmeli? Söwda işini edýänler eýdip-beýdip, bir çykalga tapýarlar. Ylmy barlaglary geçirmek isleýän we turistik sapar gurnajak adamlar näme etmeli? Gynansagam, Türkmenistana wiza prosedurasy sebäpli gidip bolanok. Ýönekeý halkyň wekili turist bolup gitmek isleýär, ol ýere işlemäge gitjek bolanok ahyryn. Näme üçin şeýle kynçylyk çekilýär, men düşünip bilemok. Ýogsam, dostluk [diýilýäni] göz boýamak üçinmikä?! Men düşünip bilemok.
XS
SM
MD
LG