Sepleriň elýeterliligi

Çörek we sirk


Bu ýurtda metbugat azatlygy, ýygnanyşmak azatlygy ýok, syýasy erkinlikleriň we raýat azatlyklarynyň ýagdaýy gözgyny, adam hukuklary äsgerilenok, daşarky dünýä bilen çäklendirilen aragatnaşyk bar.

Emma Merkezi Aziýanyň bu garasöýmez ýurdunda – Türkmenistanda sirk bar.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şenbe güni "öňünden habar etmezden" öz agtygy bilen ýurduň Döwlet sirkine bardy. (Berdimuhamedowyň şahsy durmuşy we maşgalasy barada az bilinýär.)

Döwlet telewideniýesinde efire berlen wideo "Arkadag" diýlip atlandyrylýan 55 ýaşly türkmen lideriniň jinside we gündelik köýnekde Aşgabatdaky Sowet döwründen galan döwlet sirkine barşyny görkezdi. Ony bu ýerde ýüzlerçe çagalar türkmeniň milli geýminde watançylyk baradaky aýdymlar bilen, döwlet mediasynyň habar bermegine görä, "uly joşgun bilen garşyladylar".

(Onuň duýdansyz barandygy aýdylsa-da, Aşgabatdaky orta mekdepleriň biriniň mugallymy bu çärä gatnaşjak çagalaryň birnäçe gün öňünden saýlanandygyny we Berdimuhamedowyň barmagyna birnäçe gün galanda taýýarlyk işlerini geçirip başlandyklaryny Azatlyk Radiosyna aýtdy.)

Berdimuhamedow zala girende çagalaryň bilelikde "Arkadaga şöhrat!" diýip gygyrýandyklaryny görmek bolýar. Emma fewral aýynda geçirilen prezidentlik saýlawlarynda sesleriň 97 prosentini alyp ýeňiş gazanan Berdimuhamedow özi tarapyndan yglan edilen "Bagtyýarlyk döwrüni" göz öňünde tutup, pursatdan başgaça peýdalanýar we: "Bagtyýarlyk döwründäki çagalara şöhrat!" diýýär. Soňra çagalar: "Şöhrat! Şöhrat! Şöhrat!" diýip gygyryşýarlar.

Bu zatlar Demirgazyk Koreýany ýatladýar.

Soňra Berdimuhamedow sirkiň müdirine içine 50 müň dollarlyk çek salnan tagta gapyrjagy berýär. Bu pul Türkmenistandaky sirkiň mundan beýläk hem ösdürilmegi üçin niýetlenen.

Türkmen hökümetiniň resmi websaýtynyň ýazmagyna görä:

Munuň üçin sirkiň artistleri hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden çykýan alkyş sözlerini aýtdylar we türkmen sirk sungatynyň mundan beýläk-de ösdürilmegi, onuň dünýä ýüzündäki abraýynyň belende galmagy ugrunda ähli tagallalaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar....Soňra döwlet Baştutanymyz sirkiň artistleriniň haýyşy boýunça olar bilen ýadygärlik surata düşdi we sungat ussatlaryna işlerinde üstünlik gazanmaklaryny arzuw edip, sirkiň binasynyň daşyna çykdy.

Türkmenistanda sirkiň gadagan edilen wagtlary hem bolupdy. Ony Berdimuhamedowyň halypasy, öňki prezident Saparmyrat Nyýazow "keseki" medeniýet we "türkmen mentalitetine gabat gelmeýän" sungat hökmünde 2001-nji ýylda gadagan edipdi.

Nyýazow 2006-njy ýylda aradan çykdy. Emma sirk sungaty o diýen türkmençil däl hem bolsa, Berdimuhamedow ony haýal etmän dikeltdi.

(Berdimuhamedow Nyýazowyň şahsyýet kultuny ýuwaşlyk bilen ýok edip, käbir sosial syýasatlary üýtgetdi, operany açdy we ş.m.)

2010-njy ýylda Döwlet sirkiniň durky täzelendi, onuň binasy mermer bilen örtüldi. Bu iş 18 million dollara düşdi.

Indi klounlar we sirk artistleri islenilmeýän adamlar däl.

"Çörek we sirkiň" manysy: syýasatdan närazy adamlaryň ünsüniň başga ýana sowulmagyny aňladýan metafor.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG