Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ BMG-niň Adam hukuklary geňeşine gaýtadan saýlandy


BMG-niň Baş Assambleýasy 18 ýurdy Ženewada ýerleşýän Adam hukuklary geňeşine saýlady.
BMG-niň Baş Assambleýasy 18 ýurdy Ženewada ýerleşýän Adam hukuklary geňeşine saýlady.
Birleşen Ştatlar BMG-niň 47 agzalyk Adam hukuklary geňeşine gaýtadan saýlanmagy başardy.

BMG-niň Baş Assambleýasy düýbi Ženewada ýerleşýän bu gözegçi topara başga-da 17 ýurdy saýlady.

Birleşen Ştatlar "Günbatar Ýewropa we beýlekiler" regional toparynyň iň köp sesini almagy başardy. 12-nji noýabrda Germaniýa bilen Irlandiýa hem 193 agzaly Baş Assambleýa tarapyndan bu geňeşe saýlandy.

Ses berişlikden soň žurnalistleriň öňünden çykyş eden ABŞ-nyň BMG-däki ilçisi Sýuzan Raýs ses berişligiň netijeleriniň öz ýurdunyň BMG-däki liderligini görkezýändigini aýtdy.

"Şu gün Obamanyň administrasiýasynyň Adam hukuklary geňeşindäki liderligi hakyky netijeleri görkezdi" diýip, ol aýtdy. "Şu günki ses berişlik Adam hukuklary geňeşindäki we tutuş BMG-däki ABŞ-nyň işjeň liderliginiň amerikanlara we dünýäniň galan bölegine hakyky peýda paýyny tölemegi dowam etdirjekgini görkezdi".

Raýsyň aýtmagyna görä, Waşington Adam hukuklary geňeşiniň ünsüni täzeden sazlamaga çalşar.

"Biziň entek hem etmeli işlerimiz köp, şu günki saýlaw bolsa Birleşen Ştatlara öz üstünliklerimizi giňeltmäge mümkinçilik berýär" diýip, ol aýtdy. "Bu bize dowam edýän ýetmezçilikler, şol sanda geňeşiň Ysraýyl boýunça çenden aşa we deňagramsyz ünsi barada gürrüň etmegimize we biziň amerikanlar hem-de dünýäniň adamlary hökmünde esasy gymmatlyklarymyz bolan adam hukuklarynyň we gymmatlyklarynyň tarapynda durmagymyza mümkinçilik berýär".

Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Hillary Klinton hem halkara jemgyýetçiligi bilen ýakyndan işleşmek barada wada berdi.

12-nji noýabrda ýaýradylan beýanatda Klinton Birleşen Ştatlaryň "dünýä boýunça bar bolan çynlakaý we gyssagly adam hukuklary aladalaryny çözmek we geňeşi güýçlendirmek boýunça halkara jemgyýetçiligi bilen ýakyndan işleşmegi dowam etdirjekgini" mälim etdi.

Argentina, Braziliýa we Wenesuela geňeşe garşylyk görkezilmezden saýlandy. Geňeşe dalaşa etmegine we saýlanmagyna garşylyk görkezilmedik ýurtlaryň arasynda Afrika üçin Pildişi kenarlary, Etiopiýa, Gabon, Kenýa we Serra Leone, Aziýa-Ýuwaş okeany regiony boýunça Ýaponiýa, Gazagystan, Pakistan, Günorta Koreýa we Birleşen Arap Emirlikleri, Günorta Ýewropa boýunça bolsa Estoniýa we Çernogoriýa bar.

11-nji noýabrda geçirilen ses berişlikden öň halkara hukuk toparlary dört sany regional topar boýunça düzgünleşdirmäni ýazgardylar. Bu düzgün adam hukuklarynyň derejesi giňden sorag astyna alynýan ýurtlara Adam hukuklary geňeşinde oturmaga mümkinçilik berýär.

Ýeňijiler 47 agzaly Adam hukuklary geňeşindäki iş möhletlerine 1-nji ýanwarda girişip, möhleti dolan 18 ýurduň ýerine geçerler.
XS
SM
MD
LG