Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owganystandaky amerikan komandiriniň işi derňelýär


Habarlara görä, Birleşen Ştatlaryň Owganystandaky komandiri, general Jon Allen derňew astynda.

Ol Merkezi aňtaw gullugynyň ozalky direktory Deýwid Petreuse dahylly galmagalyň merkezindäki aýal bilen “ýerliksiz gürrüňleri” edipdir diýip derňelýär.

ABŞ-nyň Goranmak departamentiniň resmileri sülçüleriň Allen bilen Jil Kelliniň 2010-2012-nji ýyllar aralygynda eden müňlerçe sahypalyk gürrüňiniň üstüni açandyklaryny aýdýarlar.

Kelliniň Pola Broadwelden, Petreus bilen binika jynsy gatnaşyk eden aýaldan haýbat atyjy hatlary alandygy aýdylýar.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Leon Panettanyň beýanatynda Alleniň ABŞ-nyň Ýewropa komandowaniýasyna ýolbaşçy bolmagy baradaky meseläniň degişli faktlar anyklanýaça togtadylandygy aýdyldy.

Allen Petreusden soň ABŞ-nyň Owganystandaky komandirligine bellenipdi.
XS
SM
MD
LG