Sepleriň elýeterliligi

Ukrain oppozisiýasy Ýanukowiçe garşy göreşi dowam etjegini aýdýar


Ukrainadaky oppozision partiýalar özleriniň prezident Wiktor Ýanukowiçe garşy göreşlerini dowam etdirjeklerini wada berýärler.

Olar Ýanukowiçiň işden çekilmegine we Ýuliýa Timoşenkonyň azat edilmegine çagyrjakdyklaryny aýdýarlar.

Timoşenko wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanmakda günäli bilindi, emma opponentler we Günbatar onuň syýasy sebäpler esasynda tussag edilendigini aýdýarlar. Timoşenko 2010-njy ýylda geçen saýlawlarda Ýanukowiçden ýeňildi.

Oppozisiýa liderleri duşenbe güni Kiýewde Merkezi saýlaw komissiýasynyň daş işigine üýşen müň çemesi tarapdaryň öňünde çykyş etdiler.

Bu protest komissiýanyň 28-nji oktýabrda geçen parlament saýlawlarynyň ahyrky netijelerini yglan eden gününiň ertesi geçirildi. Ol netijeler Ýanukowiçiň dolandyryjy partiýasynyň we onuň ýaranlarynyň parlamentdäki 450 orna kontrollugy ele geçirendigini görkezýär.

Ýewropa Bileleşigi biraz öň bu saýlawlarda ses sanawynyň gijikdirilmegine we beýleki bidüzgünçiliklere ýol berlendigini aýtdy.
XS
SM
MD
LG