Sepleriň elýeterliligi

Aýlak döwletleri Siriýanyň täze oppozisiýa koalisiýasyny gutlaýar


Aýlak arap döwletleriniň altysy Siriýanyň täze oppozisiýa toparyny ýurduň “kanun wekili” hökmünde ykrar etdi.

Siriýanyň bölünişikdäki gozgalaňçy toparlary ýekşenbe güni Dohada prezident Başar al-Assady agdarmak üçin bileleşmäge razy boldular.

Arap ligasy bu topary Siriýanyň oppozisiýasynyň “kanun wekili” diýip atlandyrdy.

Arap ligasynyň daşary işler ministrleri duşenbe güni giçlik Kairde duşuşyp, Assada garşy göreşýän beýleki toparlary hem oppozisiýa koalisiýasyna goşulmaga çagyrdylar.

Günbatar bu koalisiýanyň döremegini gutlady. Orsýet bu koalisiýanyň Siriýadaky krizisi gepleşikler arkaly soňlamaga çalyşmalydygyny we daşardan gatyşylmagyna garşy durmalydygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG