Sepleriň elýeterliligi

Hukuk goraýjy topar prezident Obama ýüzlenýär


Adam hukuklaryny goraýan “Human Rights Watch” guramasy prezident Barak Obamanyň gelýän hepde günorta-gündogar Aziýa ýurduna etjek saparynda Kambodiýada boldy diýilýän hukuk bozmalara seretmegine çagyrdy.

HRW-yň sişenbe güni çap eden hasabatynda awtoritar premýer-ministr Hun Seniň hökümdarlyk eden soňky ýigrimi ýylynda syýasy äheňli hüjümler esasynda 300-den gowrak adamyň öldürilendigi aýdylýar.

Hasabatda ýokary derejeli harbylaryň birnäçesiniň adam öldürmäge gatnaşandygy çaklanýar we olaryň hiç wagt doly derňelmändigi aýdylýar.

Şol diýilýän hüjümlerde nyşana alnan adamlar oppozisiýadaky syýasatçylar, aktiwistler we žurnalistler bolup durýar.

Obama duşenbe güni Kambodiýanyň paýtagtynda Gündogar Aziýa sammitine gatnaşmaly. Ol bu ýurda sapar edýän ilkinji amerikan prezidentidir.
XS
SM
MD
LG