Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: Kabula üç raketa atyldy


Owgan polisiýasy sişenbe güni irden Kabulyň içine azyndan üç raketanyň atylandygyny aýtdy.

Şeýle-de polisiýa bu hüjüm netijesinde bir adamyň ölüp, üç adamyň ýaralanandygyny habar berdi.

Raketalar hususy telewizion stansiýanyň we owgan aňtaw gullugy tarapyndan ulanylýan edara jaýlarynyň golaýyna gelip düşüpdir.
XS
SM
MD
LG