Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ýaragly adamlar üç adamy öldürdi


Resmiler Pakistanyň Bulujystan welaýatynda ýaragly adamlaryň üç sany şaýy musulmanyny atyp öldürendiklerini we beýleki ikisini ýaralandyklaryny aýdýarlar.

Bu atyşyk Maç şäherinde, welaýat merkezi bolan Kuwettanyň 70 kilometr çemesi günorta-gündogarynda bolupdyr.

Ýerli polisiýa resmisi Şer Ahmed motorly barýan ýaragly adamlaryň iki sany gök önüm dükanyny oka tutmagy netijesinde Hazara jemagatyndan bolan üç adamyň ölüp, ikisiniň ýaraly bolandygyny aýtdy.
XS
SM
MD
LG