Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Klinton Awstraliýa Goranyş maslahatyna gatnaşýar


ABŞ-nyň döwlet sekretary Hillari Klinton Awstraliýa bilen Birleşen Ştatlaryň arasyndaky harby hyzmatdaşlyklary çuňlaşdyrmak barada gepleşmek üçin Awstraliýa geldi.

Awstraliýanyň goranmak ministri Stefen Smit we daşary işler ministri Bob Karr bilen geçiriljek gepleşiklere ABŞ-nyň goranmak sekretary Leon Panetta hem gatnaşar.

Bu ýyllyk sammit prezident Barak Obama bir ýyl ozal Awstraliýa birinji gezek sapar edeli bäri ilkinji gezek geçirilýär.

Şonda Obama Birleşen Ştatlaryň 2500 çemesi deňizçi esgeriniň Awstraliýanyň Darwin şäherindäki bazada bilelikdäki türgenleşiklere gatnaşjagyny yglan edipdi.

Bu habar Awstraliýanyň iň uly söwda hyzmatdaşy bolan Hytaýyň kejebesini daraldypdy.
XS
SM
MD
LG