Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: ABŞ-nyň generalynyň işi derňelýär


NATO-nyň Owganystandaky harby güýçleriniň komandiri, ABŞ-nyň generaly Jon Allen

NATO-nyň Owganystandaky harby güýçleriniň komandiri, ABŞ-nyň generaly Jon Allen

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Owganystandaky komandiri, general Jon Allene aýyplama bildirilip, onuň işi derňelýär.

Allen Merkezi aňtaw gullugynyň ozalky direktory Deýwid Petreuse dahylly galmagalyň merkezindäki aýal bilen “ýerliksiz gürrüňleri” etdi diýlip aýyplanýar.

ABŞ-nyň Goranmak departamentiniň resmileri sülçüleriň Allen bilen Jill Kelliniň 2010-2012-nji ýyllar aralygynda eden müňlerçe sahypalyk gürrüňiniň üstüni açandyklaryny aýdýarlar.

Jill Kelli Petreuslaryň maşgalasynyň dosty. Onuň Paula Broadwelden, Petreus bilen binika jynsy gatnaşyk eden aýaldan haýbat atyjy hatlary alandygy aýdylýar.

Petreusyň Broadwel bilen gatnaşygynyň geçen hepdede aýan edilmegi onuň Merkezi aňtaw gullugynyň direktory wezipesinden çekilmegine getirdi.

ABŞ-nyň goranmak sekretary Leon Panettanyň beýanatynda Alleniň ABŞ-nyň Ýewropa ştabyna ýolbaşçy we NATO-nyň Ýewropadaky ýokary ýaranlygynyň komandiri bolmagy baradaky meseläniň degişli faktlar anyklanýança togtadylandygy aýdyldy.

Beýanatda munuň yza goýulmagy bilen prezident Barak Obamanyň ylalaşandygy aýdylýar.

Generalyň NATO-daky wezipä bellenmegi boýunça penşenbe gününde Senatyň diňlenişigi bolmalydy we onda ol tassyklanylmalydy.

Panettanyň aýtmagyna görä, Allen ornuna amerikan Senatynda tassyklanmaly general Josef Danford barýança NATO-nyň ýolbaşçylygyndaky harby güýçleriniň komandiri wezipesinde Kabulda galar.

Goranmak sekretary generalyň Owganystandaky işlerine gowy baha berdi we onuň ýolbaşçylyk işiniň Talyban söweşijilerine garşy uruşda ösüş gazanmakda “möhüm” rol oýnandygyny aýtdy.

Allen 2011-nji ýylyň iýul aýynda Petreusden soň ABŞ-nyň Owganystandaky komandirligine bellenipdi.

Yrak urşunyň weterany Allen Owganystandaky wezipesinden öň Merkezi ştabyň komandiriniň orunbasary boldy.

Goranmak edarasynyň ady aýdylmaýan resmisine salgylanyp, habar serişdeleri “FBI” edarasynyň Allen bilen Kelliniň arasyndaky 30 müň sahypadan ybarat hat gatnaşygynyň, esasan hem elektron hatlarynyň üstüniň açylandygyny habar berýarler.

Allene bildirilýan aýyplamalar häzirlikçe belli edilmeýär. Resmiler onuň gizlin maglumaty aýan edip-etmandigi barada düşündiriş bermekden saklanýarlar.

37 ýaşly Kelliniň Floridanyň Tampa şäheriniň “MacDill” howa bazasynda aýlyksyz sosial işçi bolup gulluk edendigi aýdylýar. Petreus bilen Allen hem şol bazada gulluk edipdiler.
XS
SM
MD
LG