Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Türkmenistanyň agza saýlanmagy türkmen metbugatynda şowhun döretdi


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedov BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasynda eden çykyşynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşine Türkmenistanyň saýlanmagy barada teklip etdi, Nýu Ýork, 23-nji sentýabr, 2011.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedov BMG-niň Baş Assambleýasynyň 66-njy sessiýasynda eden çykyşynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşine Türkmenistanyň saýlanmagy barada teklip etdi, Nýu Ýork, 23-nji sentýabr, 2011.

BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşine Türkmenistanyň agza edilip saýlanmagy türkmen mentbugatynyň üns merkezine düşdi.

BMG-niň Baş Assambleýasy 8-nji noýabrda geçiren maslahatynda Ykdysady we durmuş geňeşiniň 2013-2015-nji ýyllar aralygy üçin 18 sany täze agzasyny saýlady. Olaryň arasynda Aziýa döwletlerinden Türkmenistan we Gyrgyzystan hem saýlandy.

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow duşenbe güni wideo şekilli geçirilen hökümet maslahatynda BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşinde 2013-2015-nji ýyllar aralygy üçin Türkmenistanyň agza edilip saýlanmagy barada prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berdi we ýurt baştutanynyň “tagallalary bilen Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlygynyň gün-saýyn ösýändigini” belledi.

“Birleşen Milletler guramasy biziň iň bir strategiki uly hyzmatdaşymyz bolup dur. Bu gurama bilen gatnaşyklary we hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen siz uly işler bitirýäňiz” diýip, Meredow prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň “dünýäniň howpsuzlygyny, durnuklylygyny saklamak üçin orta atan” tekliplerini söze getirdi.

Gurbanguly Berdimuhamedow BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşine üç ýyllyk möhlet bilen Türkmenistanyň agza saýlanmagyny hoşallyk bilen garşy aldy we ykdysady we durmuş ösüşiniň birnäçe ugurlary boýunça Türkmenistanyň toplan oňyn tejribesini beýleki ýurtlar bilen paýlaşmaga taýýardygyny aýtdy.

“Ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynda, ilkinji nobatda bolsa Ykdysady we durmuş geňeşinde häzirkizaman möhüm meseleleri çözmek boýunça mundan beýläk hem netijeli hyzmatdaşlyk etjekdigini bellemek isleýärin” diýip, Gurbanguly Berdimuhamedow hökümet maslahatynda eden çykyşynda nygtady.
BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşine Türkmenistanyň agza edilip saýlanmagy baradaky habar türkmen metbugatynda şowhun döretdi.

Syýasy propaganda

Aşgabatly garaşsyz synçy Amanmyrat Bugaýew BMG-niň geňeşine Türkmenistanyň agza saýlanmagyna gutlanmaly ýagdaý diýip baha berdi hem-de “Türkmenistan BMG ýaly halkara guramalaryna ýa-da olaryň geňeşine agza bolanda bu barada türkmen metbugatynda adatça uly syýasy propaganda ýöredilýär” diýdi.

“Muňa dünýäde bolup geçen uly bir waka hökmünde, ýurduň ykbalyny çözýän uly waka hökmünde baha berilýär, dürli-dürli adamlaryň çykyşlary berilýär. Gerek bolsa edara-kärhanalarda şuňa bagyşlanyp geçirilen ýygnanyşyklardan reportažlar taýýarlanylýar” diýip, Bugaýew belledi.

Şu günki metbugatda hem eýýäm “şol şatlykly habar hakynda bir giden maglumatlar berlipdir” diýip, Bugaýew sözüniň üstüni ýetirdi we bu barada diňe merkezi gazetlerde däl, hatda “Aşgabat” gazeti ýaly şäher gazetlerinde hem maglumatlaryň berlendigini mälim etdi.

BMG-niň 54 agza-döwletden durýan Ykdysady we durmuş geňeşi Baş Assambleýa tarapyndan üç ýyllyk möhlet bilen saýlanylýar. Bu geňeş ykdysady we durmuş ugurlary, şeýle hem saglygy saklaýyş, medeniýet we bilim pudaklary boýunça halkara problemalary çözmeklige ýardam berýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG