Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Täjigistan: Serhetçi ofiserlere neşe gaçakçylygy üçin ýyl kesildi


Täjigistanyň harby sudy sişenbe güni ýurduň Hatlon sebitinde Serhet goragy gullugynyň bäş ofiserini 3 ýyldan 21 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi.

Iň uzak möhlet täjik-owgan araçägindäki Wahş serhet geçelgesiniň ozalky başlygy Nizometdin Ýakubowa berildi.

Sudýanyň seljerişlik gutarandan soň žurnalistlere aýtmagyna görä, sülçüler şu ýylyň başynda Ýakubowyň iş kabinetinden 20 kilogram tirýek typypdyrlar.

Täjigistanyň Milli howpsuzlyk baradaky döwlet komitetiniň sözçüsiniň Azatlyk Radiosyna aýtmagyna görä, sişenbe güni Hatlonda ýokary derejeli polisiýa resmisi tussag edilipdir.

Onuň 12 kilogram heroin bilen tutulandygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG