Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Eýranly blogçynyň ölüminden soň ençeme adam tussag edildi


Eýranyň gurluşyny tankyt edýän bu blogçy Sattar Beheşti şu aýyň başynda derňew izolýatorynda ölüpdi.
Eýranyň gurluşyny tankyt edýän bu blogçy Sattar Beheşti şu aýyň başynda derňew izolýatorynda ölüpdi.
Eýranyň Baş prokurory blogçy Sattar Beheştiniň ölümi bilen bagly ençeme adamyň tussag edilendigini aýdýar. Eýranyň gurluşyny tankyt edýän bu blogçy şu aýyň başynda derňew izolýatorynda ölüpdi.

Abbas Jafari Dolatabadiniň 13-nji noýabrda žurnalistlere aýtmagyna görä, blogçynyň işi 10 günüň içinde suda geçiriler. Ol tussag edilenler barada başga maglumat bermedi.

Emma 12-nji noýabrda "Şabakeýe Iran" saýtynyň beren maglumatyna görä, Beheştini sorag eden üç sany sülçi tussag astyna alnypdyr.

35 ýaşly Beheşti 30-njy oktýabrda Eýranyň internet polisiýasy tarapyndan Robat Karimdäki öýünde tussag edilipdi. Häkimiýetler onuň "Facebook we beýleki sosial aragatnaşyk sahypalarynda milli howpsuzlyga zyýan ýetirýän hereketleri üçin" tussag edilendigini aýtdylar.

6-njy noýabrda häkimiýetler blogçynyň maşgalasyna onuň jesedini ýygnamagy tabşyrdylar. Onuň 3-nji noýabrda ölendigi aýdylýar.

Beheştiniň ölümi baradaky näbellilikler bu işiň garaşsyz ýagdaýda derňelmegi baradaky halkara çagyryşlara sebäp boldy. Bu waka Eýranda tussaglara çemeleşilişi baradaky aladalary hem güýçlendirdi.

Gynalandygyny görkezýän alamatlar

Halkara hukuk toparlarynyň we Günbatar ýurtlarynyň, şol sanda blogçynyň ölümini "jenaýat" diýip atlandyran Birleşen Ştatlaryň çagyryşlaryndan soň, Eýran derňew işlerini ýola goýandygyny mälim etdi.

Tähranyň "Ewin" türmesinde saklanýan 41 sany tussag bu ýerde bir gije saklanandygy aýdylýan Beheştiniň bedeninde gynama alamatlarynyň bardygyny aýdyp hat ýazdylar. Tussaglar, şol sanda tanymal hukukçy Abdolfatah Soltani we adam hukuklary aktiwisti Hasan Assadi Zeýdabadi derňew wagtynda Beheştiniň ýenjilendigini we aýaklaryndan asylandygyny ýazdylar.

31-nji oktýabrda Beheşti resmi hat ýazyp, derňew mahaly özüniň gynalýandygyndan we ýenjilýändiginden şikaýat edipdi.

12-nji noýabrda suduň metbugat wekili Golam Huseýin Ejeýi blogçynyň bedeninde we kelle çanagynda hiç hili döwük-ýenjigiň ýokdugyny aýtdy. Ol Beheştiniň derňew wagtynda ýürek agyrydan şikaýat edendigini, emma türmäniň lukmanynyň barlagynyň hiç hili problema tapmandygyny aýtdy.

Ýöne sud blogçynyň bedeninde bäş sany ýara yzynyň bardygyny tassyklady.

Beheşti öz ölüminden öň ýazan blogunda özüne ölüm bilen haýbat atylýandygyny ýazypdy.

"Olar düýn maňa haýbat atdylar we: "Seniň ejeň bahym gara geýner, sebäbi sen uly agzyňy ýapaňok" diýdiler" diýip, ol ölüminden bir gün öň ýazypdy.

Beheştiniň 2003-nji ýyldan bäri Eýranda derňew wagtynda ölen 18-nji tussagdygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG