Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistan 'Talyban' söweşijileriniň boşadylandygyny tassyklanok


Pakistan “Talyban” hereketiniň birnäçe söweşijisini tussaglykdan azat etmäge razy boldy. Bu barada Pakistanyň we Owganystanyň habar serişdeleri maglumat berýär.

Pakistanyň Daşary işler ministrligi bu baradky maglumatlary tassyklamakdan ýüz öwürdi. Ministrligiň metbugat wekili Azatlyk Radiosyna hiç kimiň azatlyga goýberilmändigi aýtdy.

Mundan öňki peýda bolan maglumatlarda, bu baradaky ylalaşyga çarşenbe güni Owganystanyň Parahatçylyk boýunça ýokary geňeşi bilen pakistanly resmileriň arasyndaky gepleşiklerde gelnipdir.

Owgan delegasiýasy 2010-njy ýylyň fewralynda Pakistanyň Karaçi şäherinde tussag edilen, “Talyban” hereketiniň komandiri Molla Abdul Ghani Baradaryň türme tussaglygyndan azat edilmegi ugrunda tagalla edýärdi.

Owganystanda parahatçylygyň bolup-bolmajagy, aglaba owgan hökümeti bilen “Talyban” söweşijileriniň komandirleriniň arasyndaky gepleşiklere bagly. Baradaryň “Talyban” söweşijileriniň arasynda uly täsiriniň bardygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG