Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: ABŞ-nyň esgerine ölüm jezasynyň berilmegi mümkin


ABŞ-nyň harby prokurorlary Owganystanda 16 obalyny atyp öldürmekde aýyplanýan amerikaly esgeriň harby suda çekilmegini we oňa ölüm jezasynyň berilmegini soradylar.

Prokurorlar seržant Robert Beýlsiň “aýylganç we hopukdyryjy jenaýaty” edendigini bellediler. Prokurorlar bir hepdä çeken deslapky diňlenşiklerden soň öz kararlaryny mälim etdiler.

Beýlsiň aklawçylary suduň geçirilmegi üçin ýeterlik maglumatlaryň ýokdugyny öňe sürýärler.

Prokurorlaryň aýtmagyna görä, 39 ýaşly Beýls 11-nji martda harby bazany terk edip, iki obanyň ýaşaýjylaryny oka tutupdyr. Ölenleriň arasynda dokuz çaga hem bar.
XS
SM
MD
LG