Sepleriň elýeterliligi

Gyrgyzystan: Galp resminamalary taýýarlaýan ýeriň üsti açyldy


Gyrgyzystanyň Oş şäherinde ekstremistleri we terroristleri galp resminamalar bilen üpjün edýän bikanun ýeriň üsti açyldy. Bu barada Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti maglumat berýär.

Galp resminamalary taýýarlaýan ýeriň ýolbaşçysy tussag edildi. Onuň geçmişde hem jenaýat jogapkärçiligine çekilendigi aýdylýar.

Polisiýa resmileriniň çarşenbe güni beren maglumatyna görä, bu iş bilen ilteşikli başga-da adamlaryň gözlegi dowam edýär.

Gyrgyzystanyň Oş regiony Özbegistan bilen serhetdeş dartgynly Fergana jülgesinde ýerleşýär. Bu sebit 2000-njy ýyllaryň başlarynda Özbegistanyň yslam hereketi tarapyndan Özbegistana girmek üçin ulanylypdy.
XS
SM
MD
LG