Sepleriň elýeterliligi

Ýewropada tygşytlaýyş çärelerine garşy protestler geçirilýär


Ýewropada işçiler hökümetleriň kabul edýän tygşytlaýyş çärelerine we barha ösýän işsizlige garşy protest geçirdiler.

Protestleriň iň ululary Ispaniýada we Portugaliýada boldy. Çarşenbe güni Madridde protestçiler polisiýa bilen çaknyşdy. Ispaniýada protestler sebäpli, onlarça adam tussag edildi.

Ispaniýada işsizligiň derejesi 25% bolup, bu Ýewropa Bileleşigindäki iň uly görkezijidir.

Italiýada profsoýuzlar köpçülikleýin iş taşlaýyşlara çagyrdy. Gresiýada hem protest çärelerine çagyryş edildi.

Şeýle-de protestler Belgiýada, Germaniýada, Fransiýada we Gündogar Ýewropanyň käbir ýurtlarynda hem geçirilmek planlaşdyrylýar.
XS
SM
MD
LG