Sepleriň elýeterliligi

Ysraýylyň howa hüjüminde Hamas hereketiniň harby ýolbaşçysy öldürildi


Yslamçy Hamas hereketiniň harby ganatanyň başlygy Ahmad Al-Jaabari Ysraýylyň harby hüjüminde öldi. Bu maglumaty Ysraýyl tassyklady.

Hamas hereketiniň beren maglumatyna görä, Ysraýylyň Gaza zolagyna amala aşyran hüjüminde, Ahmad Al-Jaabari bilen onuň ulagyndaky egindeşi hem ýogalypdyr.

Ysraýylyň içki aňtaw gullugy bu baradaky maglumatlary tassyklady.
XS
SM
MD
LG