Sepleriň elýeterliligi

Näme üçin BBC krizise düşdi?


BBC-niň Londonyň merkezindäki baş edarasy

BBC-niň Londonyň merkezindäki baş edarasy

Britaniýanyň çäginde we halkara derejesinde gepleşikleri efire berýän BBC jemgyýetçilik habar korporasiýasynyň ozalky işgäri, telegepleşikleri alyp baryjy Jimmy Sawilleniň çagalara betniýetli çemeleşenligi aýan edileninden soň bu media edarasy halk köpçüligi tarapyndan tankytlanyp gelindi. Golaýda bolsa, BBC korporasiýasy britaniýaly bir syýasatçyny çagalara jynsy taýdan el gatmakda aýyplaýjy programmasyny ýalňyşlyk bilen efire berdi we şol sebäpden hem edaranyň baş direktory Jorj Entwisl wezipesinden çekildi.

BBC-niň krizisi Britaniýanyň žurnalistleriniň telefon gürrüňleri diňlemekligi giňden ulanýandyklarynyň “Leweson” jemgyýetçilik derňew edarasy tarapyndan üsti açylaly bäri dowam edip gelýär. Eýsem bu media edarasy bilen bagly soňky galmagalyň ýüze çykmagy bu krizisiň çuňlugyny aňladýarmy? Ol uzak möhlete çeker diýip bolarmy? Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosy Londonyň ykdysady institutynyň “POLIS” atly media analiz merkeziniň başlygy Çarli Beket bilen söhbet etdi.

Azatlyk Radiosy: Elbetde, BBC krizisde diýmek sorag astynda. Eger-de problemalar bar we bu edara reforma mätäç diýseňiz, onda BBC-niň esasy problemasy nämede? Resurslaryň ýetmezçiligindemi? Guramanyň etikasyndamy ýa-da missiýasyndamy? Ýa-da çylşyrymlaşdyrylan býurokratiýadamy?

Çarli Beket: "Biz BBC-niň ýurt içinde we daşynda öndürýän ajaýyp we ýokary hilli žurnalistik önümleriniň bardygyny ýatdan çykarmaly däl".

Çarli Beket: "Biz BBC-niň ýurt içinde we daşynda öndürýän ajaýyp we ýokary hilli žurnalistik önümleriniň bardygyny ýatdan çykarmaly däl".

Beket: Meniň pikirimçe, elbetde bularyň hemmesi bilelikde problema döredýär diýip bolar. Meniň pikirimçe, biz BBC-niň ýurt içinde we daşynda öndürýän ajaýyp we ýokary hilli žurnalistik önümleriniň bardygyny ýatdan çykarmaly däl. Ýöne problema hem bar. Olaryň biri pul serişdesi bilen bagly. Mysal üçin, habarlar üçin goýberilýän pul 20 prosent kemeldildi we oňa gysga wagtda uýgunlaşmak ýeňil iş däl. Meniň pikirimçe, soňky 10-15 ýylyň dowamynda bir ýagdaý döredi, ýagny işlerine bitarap garamakdan belki ejiz gelýän, köp sanly ýokary wezipedäkiler BBC-de ömürboýy işläp geldiler. Belki şu ýagdaý hem býurokratiýanyň aşa köp ornaşmagyna getirendir. Bu diýildigi býurokratlar aşa köp ýa-da BBC aşa uly diýildigi däl. Bu jogapkärçilik duýgusynyň ýetmezçilik edendigini alamatlandyrýar. Pul bilen iş salyşmakdan başga ösüşe getirýän prewentiw dolandyryş usuly bolmady.

Azatlyk Radiosy: Prewentiw dolandyryş, hem-de işe bolan gatnaşyklar bilen bagly siziň agzap geçen problemalaryňyzy çözmek üçin BBC name etmeli?

Beket: Meniň pikirimçe, ilkinji nobatda howsala düşmeli däl. BBC-niň esasy ýörelgeleri güýçli hasaplanýar. Meniň pikirimçe, bu ýörelgeler Britaniýanyň hem içinde, hem daşynda ýokary hilli we obýektiw önüm öndürmek medeniýetine eýe bolmagy üçin ýeterlikdir. Şeýle-de bolsa, meniň pikirimçe, olar BBC-niň dolandyrylşyna gaty berk çemeleşmeli. Olar BBC-niň baş direktory wezipesini berkitmeli, bu wezipä başga bir ýerden güýçli adam getirmeli we oňa has uly goldaw bermeli. Şol bir wagtda-da , olar BBC-däki görkezme berýän toparyň sanyny azaltmaly. BBC-däki häzirki döredilen dolandyryş zynjyryndaky adamlaryň sanyny azaltmaly. Men programmalary döredýän merkezlere has köp ygtyýarlyk bererdim.

Azatlyk Radiosy: Daşyndan syn edýänler üçin gyzykly zatlaryň biri BBC özüniň ýolbaşçylary barada hem radio, hem telegepleşikleri efire berdi. Döwlet tarapyndan ýa-da jemgyýetçilik tarapyndan maliýeleşdirilýän medialy köp ýurtlarda özüňe baha bermek we öz işiň boýunça barlag geçirmek düýbünden mümkin däl. Bu ýagdaý BBC-niň saplanýandygyny aňladýarmy?

Beket: Howa. Haçanda bir zat bolmalysy ýaly bolmsa, oňa syn etmek agyr düşýär. Meniň pikirimçe, özüne göwni ýetýän, halkyň goldawyny alýan edara köpçüligiň öňüne çykmakdan çekinmeli däl. Meniň pikirimçe, muňa krizisden çykmagyň terapiýasy, bejergisi diýip aýdyp bolar. Emma uzak möhletde, eger-de BBC 5 milliard funt sterling möçberde ýyllyk serişdesine eýe boljak bolsa, eger-de Britan jemgyýetçiliginiň we halkara arenasynyň merkezinde boljak bolsa, onda ol jogapkärçilikli bolmaly. Şeýle hem olar iş usullaryny açyk-aýdyň etmeli. Olar häzirlikçe özlerini çendenaşa goramak pozisiýasynda durýarlar. Ýöne dünýäniň beýleki döwlet, şeýle hem hususy mediýasy bilen deňeşdirilende olaryň ýagdaýy has gowy. (Media tütjary) Rupert Murdoh telefon diňlemekdäki galmagal bilen ýüzbe ýüz bolanda ol köpçüligiň öňünde göwünsiz jogap berdi. BBC her niçik-de bolsa dogruçyl bolmaga çemeleşýär.

Azatlyk Radiosy: BBC jemgyýetçilik serişdelerinden maliýeleşdirilýänligi sebäpli öz işine baha berýärmi? Ýa-da bu BBC-niň habar beriş medeniýeti bilen baglymy? Ýa-da bularyň ikisi hem bolup bilermi?

Beket: Meniň pikirimçe, bularyň biraz ikisi hem bar. Käbir halatlarda formal jogapkärçilik bökdençlik döredip bilýär. Olar her ýylda hasabat taýýarlaýarlar. Şol hasabat bilen baş direktor Parlament agzalarynyň öňünde çykyş edýär. Bu jogapkärçiligiň formal görnüşi. Şeýle hem, BBC-niň adamlary ýerlere sapar edip, diňleýjileriň we tomaşaçylaryň soraglaryna jogap berýärler. Häzir sosial ulgamynyň ösen döwründe dowamly açyk we aýdyň söhbet etmeli we halkyň pikirine hakykatdan hem gulak asýandygyňy görkezmäge çalyşmaly. Şunlukda, BBC-ni dolandyrmaga daşardan has köp adamyň gatnaşmagyny gazanmaly. Şeýle edilende halkyň hakyky pikirini bilip bolar.

Bellik: Jemgyýetçilik tarapyndan maliýeleşdirilýän media edarasy hökmünde BBC öz girdejisiniň köp bölegini ilatyň lisenziýa üçin töleýän serişdesinden alýar. Girdejisiniň beýleki bölegi kommersiýadan we hökümetiň grantyndan gelýär.
XS
SM
MD
LG