Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan: Gazagystanly tussaglardan habar alyndy


Altaý Abibullaýew: “Henizem gepleşikler alnyp barylýar. Biz suduň çykarjak kararyna garaşýarys”.

Altaý Abibullaýew: “Henizem gepleşikler alnyp barylýar. Biz suduň çykarjak kararyna garaşýarys”.

19-njy oktýabrda türkmen-gazak serhedinde Gazagystanyň ýedi sany raýaty türkmenistanly serhetçiler tarapyndan tussag edilipdiler. Sişenbe güni Gazagystanyň DIM-i olaryň ykbaly barada käbir zatlaryň anyklanandygyny mälim etdi.

13-nji noýabrda Gazagystanyň daşary işler ministrliginde geçirilen brifingde bu ministrligiň ýörite wekili Altaý Abibullaýew Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekillerine bu tussaglar bilen duşuşmaga we olaryň tussaglykda saklanyş şertleri bilen ýakyndan tanyşmaga rugsat berlendigini aýtdy.

Azatlyk Radiosy bilen telefon arkaly söhbetdeşlikde ministrligiň wekili A.Abibullaýew bu tussaglaryň ykbaly barada henizem ikitaraplaýyn gepleşikleriň dowam edýändigini aýtdy.

“Bize hemme zat anyk boldy häzirki wagt. Biz türkmen tarapy bilen bu ugurda ýakyndan işleşýäris. Hyzmatdaşlygyň derejesinden biz kanagatlanýarys. Henizem gepleşikler alnyp barylýar. Biz suduň çykarjak kararyna garaşýarys” diýip, Altaý Abibullaýew mälim etdi.

Emma Abibullaýew Gazagystanyň bu raýatlaryna Türkmenistanda anyk haçan sud ediljekdigi we olara nähili aýyplamalaryň bildirilmeginiň mümkindigi barada häzirlikçe özlerinde anyk maglumatyň ýokdugyny aýtdy.

Waka nähili ýüze çykdy?

19-njy oktýabrda Gazagystanyň Mangystau oblastynda Türkmenistan bilen serhet ýakada ýedi sany gazagystanly raýat Türkmenistanyň serhetçileri tarapyndan tussag edilipdi.

Şol wakadan birnäçe gün geçensoň, Gazygystanyň Mangystau oblastynyň Içeri işler departamentiniň metbugat sekretary Kaýrat Otebaý metbugat konferensiýasynda bu tussag edilen ýedi adamdan dördüsiniň şu oblastyň Karakiýan raýonynyň milisiýa işgärleridigini tassyklapdy.

Emma ol beýleki üç adamyň kimlerdigi barada özlerinde anyk maglumatyň ýokdugyny aýdypdy. Ol bu adamlaryň tötänleýin azaşyp, Türkmenistanyň territoriýasyna geçendiklerini we şol ýerde-de türkmen serhetçileri tarapyndan olaryň tussag edilendiklerini mälim edipdi.

Başda Gazagystanyň Türkmenistandaky ilçihanasynyň wekillerine bu tussag edilenler bilen duşuşmaga rugsat berilmedik-de bolsa, ýakynda ahyrsoňy olaryň ýanyna gazak diplomatlary goýberilipdir.

Käbir anyklanan zatlar

Gazagystanyň Daşary işler ministrliginiň metbugat sekretary Ilýas Omarow, öz diplomatik wekilleriniň maglumatlaryna salgylanmak bilen, bu işde käbir öňegidişlikleriň bardygyny aýtdy.

“Biziň Türkmenistandaky ilçihanamyzyň konsullyk wekili bu tussaglar bilen duşuşdy. Ol olaryň tussaglykda saklanyş şertleri bilen-de tanyşdy. Onuň maglumatyna görä, tussaglaryň saklanyş şertleri gowy, olar günde üç gezek nahar bilen üpjün edilen. Olar tussaglykda saklanyş şertlerinden hiç hili şikaýat edenoklar” diýip, Ilýas Omarow telefon arkaly söhbetdeşlikde belledi.

I.Omarow hem gazagystanly bu tussaglara Türkmenistanda sud ediler diýlip garaşylýandygyny aýtdy, emma olara bildiriljek aýyplamalar barada-da heniz belli bir zat aýtmaklygyň kyndygyny aýtdy.

“Olara bildirilmegi mümkin aýyplamalar barada aýdylanda, häzirlikçe bu anyk däl. Bildirilmegi mümkin aýyplamalardan biri – bu serhetden bikanun geçmek. Ýöne bu heniz wersiýalardan biri bolmagynda galýar. Şoňa görä-de, men bu barada belli bir zat aýdyp biljek däl. Ýöne biz bu mesele ýakyn günlerde çözüler diýip garaşýarys” diýip, Ilýas Omarow ýagdaýy düşündirdi.

Bu mesele barada Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginden bize maglumat almak başartmady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG