Sepleriň elýeterliligi

Zähmet bazarlaryna näderejede bil baglanýar?


Ilat arasynda zähmet biržalarynyň kömegi bilen iş tapdym diýýän adamlar köp däl.

Ilat arasynda zähmet biržalarynyň kömegi bilen iş tapdym diýýän adamlar köp däl.

Penşenbe güni, 15-nji noýabrda Aşgabadyň “Paýtagt” myhmanhanasynda zähmet bazary geçirilmeli. Ýurtda hereket edýän zähmet biržalary ýa-da zähmet müdirlikleri aram-aram zähmet bazarlaryny geçirýändikleri barada metbugatda bildirişleri çap edýärler.

Emma ilat arasynda zähmet biržalarynyň kömegi bilen iş tapdym diýýän adamlar köp däl. Zähmet biržalarynyň borjy ýurduň işsiz ilatyny iş ýerleri bilen üpjün etmek bolup durýar. Emma bu edaralaryň işgärleri özlerine ýüz tutýan adamlaryň azdygyny aýdýarlar.

“Bize ýüz tutýan adamlar örän az. Munuň sebäbi-de adamlaryň biziň iş bilen üpjün edip biljekdigimize bolan şübheli garaýyşlary bilen bagly. Ýogsam, bize işgär gerek diýip ýüzlenýän edaradyr kärhanalar az hem däl” diýip, Aşgabat şäherindäki zähmet biržalarynyň biriniň işgäri aýdýar.

Zähmet biržalary ýurtda Türkmenistanyň prezidentiniň 1997-nji ýylyň 2-nji iýunynda çykaran karary esasynda Aşgabat şäheriniň we welaýatlaryň häkimliklerinde döredilipdi. 2011-nji ýylyň 27-nji maýynda bolsa Türkmenistanyň Zähmeti we ilaty durmuş taýdan goramak ministrligine welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň ilatynyň iş bilen üpjünçiligi boýunça müdirliklerini bellenen tertipde döretmek tabşyryldy. Şeýle-de bu kararda öňki zähmet biržalarynyň ýapylýandygy hem-de täze döredilen zähmet müdirliklerini şol biržalaryň hukuk oruntutary diýip kesgitlemek barada aýdylýar.

Şol bir wagtda hem ýurtda hususy eýeçilikdäki kadrlar agentlikleriniň ençemesi işleýär. Raýatlaryň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, bu agentliklere ýüz tutan raýatlar, eger iş ýeri tapylyp berilse, onda bir aýlyk hakynyň ýarysyny bermäge razy bolmaly.

Emma, muňa garamazdan, kadrlar agentlikleriniň hem netijeli işlemeýändiklerini 34 ýaşly Kakageldi aýdýar. Onuň aýtmagyna görä, zähmet biržalarynyň we kadrlar agentlikleriniň işleriniň netijeliliginiň pesliginiň sebäbi ýurtdaky zähmet gara bazary bilen bagly.

Korrupsiýa

“Zähmet biržalary we kadrlar agentlikleri zähmet gara bazarynda ylalaşylan “zähmet kontraktlaryny” resmileşdirmek üçin ulanylýar. Edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary we olara kömek edýän araçylar bolsa iş orunlarynyň bikanun söwdasyny edýärler” diýip, Kakageldi gürrüň berýär.

Käbir ýerli synçylaryň aýtmaklaryna görä, soňky ýyllar zähmet gara bazarynda iş orunlarynyň bahalary has-da gymmatlapdyr. Mysal üçin, olar çagalar baglarynyň terbiýeçisi bolmak üçin 1000-1500 dollar, tam süpüriji bolup işlemek üçin 700-800 dollar para bermelidigini aýdýarlar.

Kakageldi iş tapmak bilen bagly parahorlugyň ykdysadyýetiň hususy sektorynda hem bardygyny aýdýar.

“Hususanda daşary ýurt firmalaryna işe girmek üçin kähalatlarda 2000 dollara golaý para bermeli. Käbir daşary ýurt firmalary bolsa öz işlerini ilerletmek üçin ýokary wezipeli ýolbaşçylaryň çagalaryny ýa-da garyndaşlaryny işe kabul edýärler” diýip, Kakageldi gürrüň berýär.

Efirde adynyň tutulmagyny islemedik aşgabatly synçynyň aýtmagyna görä, ýurtda iş orunlarynyň bikanun söwdasy zerarly edara-kärhanalarda ýokary derejeli kadrlaryň ýetmezçiligi döreýär.

“Tanyş-bilişlik, parahorluk bilen işe alynýan işgärleriň köpüsi öz ýerine ýetirmeli wezipelerini hem gowy bilmeýärler. Netijede, edaranyň, kärhananyň işjeňligine zeper ýetýär” diýip, aşgabatly synçy aýdýar.

Türkmenistanda işsizlik iň ýiti problemalaryň biri hasaplanýar. Emma Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň ýyllyk neşirinde ýurduň ilatynyň zähmete ukyply ýaşdaky raýatlarynyň iş bilen üpjünçiligi 100% diýlip maglumat berilýär. Bu ýyllyk statistiki neşirde işsizlik boýunça maglumatlar ýok. Ýöne käbir synçylar ýurduň zähmete ukyply ilatynyň 30-40% işsizdigini çaklaýarlar.

Işsizleriň ilatyň sosial taýdan goragsyz gatlagy bolup galýandygy hem aýdylýar. Işsiz raýatlaryň arasynda işsizlik boýunça kömek puluny aldym diýýäni ýok. Ýogsam, 2009-njy ýylyň 1-nji maýynda kabul edilen Zähmet kodeksiniň 18-nji bölüminiň 403-nji maddasynda işsiz galan raýatlaryň sosial kömek almak hukuklarynyň kepillendirilýändigi aýdylýar. Bu kepillik Türkmenistanyň Konstitusiýasynda-da bar. Emma raýatlaryň bu hukuklaryny amala aşyrmak boýunça döwlet meýilnamalary barada hiç hili maglumat ýok.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG