Sepleriň elýeterliligi

Mary welaýatynyň günortasynda ýerleşýän Tagtabazar, Serhetabat ýaly etraplarda adamlar mobil operatorlarynyň hyzmatlarynyň hiliniň pesliginden kösenýärler. Ýerli ýaşaýjylar haýsydyr bir ýere jaň etmekde juda gaty kynçylyk çekýändiklerini aýdyarlar.

Bu ýagdaý eýýam iki ýyldan bäri dowam edip gelýär. Mobil telefon ulanyjylar munuň sebäbini özleriniň çet ýerde ýaşaýandyklaryndan görýärler. Şeýle pikirdäkileriň biri hem 35 ýaşlaryndaky Allamyrat.

“Serhetabat etrabynda birine “Altyn Asyrdan” jaň edeniňden öýüne gidip geleniň aňsat, birine jaň etjek bolsaň ýarym sagat gerek. Köplenç hem jaň edýän ýeriň öçürilmesede abonent öçük diýýär” diýip, ol aýdýar. “Biz merkezden uzakda ýaşaýarys, bize üns berlenok. Adamlaryň nägileligi gün-günden artýar, sebäbi 30 gezek aýlap bir gezek kynlyk bilen düşeniňden soň, gepiň aýdyp bolmankaň ara kesilip gidýär”.

Bu etraplardaky ilatly ýerlerde “Altyn Asyr” mobil aragatnyşyk ulgamynyň antennalarynyň sany az. Serhetabat etrabynyň Galaýmor şäherçesiniň ortasynda bir ýere jaň etmek üçin ilki antennanyň gözlegine çykmaly, antennanyň düýbüne gelip durmaly. Ilatly ýerlerden çykanyňdan soň bolsa mobil tolkuny doly ýitýär.

Adamlar Mary welaýatynyň günorta etraplarynyň çäklerinde ýolda galsalar, geçip barýan maşynlary saklap, olardan antennanyň bar ýerinde jaň etmegi haýyş etmeli bolýarlar. Emma aragatnaşyk ulgamynyň hiliniň pes bolmagy öwezini dolup bolmaýan ýitgilere hem getirýär. Mysal üçin, ýol heläkçiligine uçralan halatynda bu ýerlerde “Tiz kömege” jaň etmek aňsat däl.

“Altyn-Asyryň” hyzmat ediş ofisinde bu ýagdaýyň sebäbini düşündirip bilmediler. Ol ýerde oturan operator gyzlaryň biri: “Biz bilemzok, biz hasaba pul geçirip berýäris” diýip, jogap berdi.

Günorta etraplaryň ýaş abonentleri bolsa häzirki wagtda gaýtadan işe başlan MTS mobil operatorynyň hyzmatlaryndan peýdalanyp başladylar. Olaryň aýtmagyna görä, häzir MTS-iň berýän hyzmatlarynyň hili “Altyn Asyryňkydan” has ýokary. Ýöne, şonda-da, ol oba ýerleriniň käbirinde entek hem işlänok.

MTS operatorynyň hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň biri hem Serhetabadyň eteginde ýaşaýan 22 ýaşly Azat. Ol beren gürrüňinde MTS-iň hili barada şeýle diýdi: “MTS käbir oba ýerlerinde-de tutanok, “Altyn-Asyr” bilen deňeşdireniňde bolsa arkaýyn jaň edip bolýar, antennasy köp ýerde tutýar, gürleşip durkaň sesiň kesilenok, ýöne biraz “Altyn-Asyrdan” gymmadrak düşýär”.

MTS gymmadrak düşýän hem bolsa, bahasy amatly hasaplanýan “Altyn-Asyr” Mary welaýatynyň günorta etraplarynda entek MTS-iň ýerini tutup bilmedige meňzeýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG