Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tussaglykdaky eýranly ýazyjyny ýatlap...


Eýranly žurnalist we ýazyjy Isa Saharkyz
Eýranly žurnalist we ýazyjy Isa Saharkyz
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Ban Ki-mun Tähranda geçirilen Bitaraplyk Hereketiniň (NAM) sammitine barmazdan bir gün öň, 2012-nji ýylyň 28-nji awgust gijesi eýranly ýarawsyz žurnalist Isa Saharkyz keselhanadan çykarylyp, ady belli "Ewin" türmesine yzyna iberilipdi.

Eýranda 2009-njy ýylda, Mahmud Ahmedinejadyň gaýtadan prezident saýlanmagy boýunça ýüze çykan dawalar bilen bagly syýasy tolgunmalardan soň, onlarça žurnalistler we ýazyjylar türmä salnypdy. Saharkyz şolaryň diňe biridir.

Ol 2009-njy ýylda iki ýyl türme tussaglygyna höküm edildi. 2011-nji ýylyň awgust aýynda häkimiýetler "lideri kemsidendigini we režime garşy propaganda çärelerini alyp barandygyny" aýdyp, onuň türme möhletini ýene üç ýyl uzaltdylar.

Onuň sesini soň hem sem etmek maksady bilen, 59 ýaşly Saharkyz türmeden çykdandan soň hem bäş ýyllap žurnalistiki we syýasy işlere gatnaşmaly däl edildi.

2011-nji ýylda Saharkyz BMG-niň Eýran boýunça adam hukuklary hasabatçysy Ahmad Şahide açyk hat ýazyp, ony Eýranyň türmelerini barlamaga çagyrdy. "Eýranyň türmelerinde bolup geçýän zatlar adamzada garşy jenaýatdyr we ol edil Staliniň Sibirdäki ýowuz zähmet lagerleri ýaly erbetdir".

Göýä diýersiň Saharkyzyň sözlerine ünsi çekmek üçin edilen ýaly, şu aýyň başlarynda eýranly tanymal blogçy Sattar Beheşti hem polisiýanyň derňew izolýatoryndaka öldi. Beheşti bilen bile tussaglykda bolanlar 35 ýaşly blogçynyň derňew wagtynda ýenjilendigini we aýaklaryndan asylandygyny aýdýarlar. Eýranyň resmileri onuň "ýüreginiň durandygyny" we "tebigy sebäplerden" aradan çykandygyny aýdýarlar.

2009-njy ýylda bolan protestler mahalynda Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosyna beren interwýusynda Saharkyz daşarky dünýä bilen has ysnyşykly gatnaşyklar Eýranyň halkyna adam hukuklary we demokratik reformalar boýunça has ýiti talap bildirmäge itergi berer diýip, ABŞ-nyň prezidenti Barak Obamany öz ýurduna garşy sanskiýalary ýatyrmaga çagyrypdy.

"Ol [Obama] Eýrana we eýranlylara öz meseleleriniň üstünde ösüş, kanagat we has gowy durmuş arkaly işlemäge ýol bermeli. Gündelik durmuş aladalary bolmaýan şeýle adamlar demokratiýa we adam hukuklary meselelerine has netijeli çemeleşerler" diýip, Saharkyz aýdypdy.

Saharkyz ilki başda, 2009-njy ýylda tussag edilenden soň, onuň ogly Mehdi Saharkyz öz kakasyna goldaw hökmünde dünýäniň dürli künjeginde geçirilýän çäreler baradaky pikirini beýan edipdi. Şol wagt onuň kakasy döwülen gapyrgalaryndan ýaňy gutulyp başlapdy, oňa aklawçy tutunmaga mümkinçilik berilmändi.

"Bu wakalar Eýranyň içindäki we daşyndaky adamlara, beýleki ýurtlaryň raýatlaryna bolýan zatlardan habarly bolmaga kömek edýär. Bu bize has köp habar almaga we has köp habar ýaýratmaga hem mümkinçilik berýär. Bu Eýranyň halkyna umyt berýär. Olar Eýranyň daşyndaky adamlaryň hem özlerine goldaw bildirýändiklerini görýärler. Meniň pikirimçe, bu örän pozitiw täsirdir" diýip, Mehdi Saharkyz aýdypdy.
XS
SM
MD
LG