Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Pakistan: Talybanlaryň bir topary azatlyga goýberildi


Penşenbe güni Pakistanyň Daşary işler ministrligi tussaglykdaky talyban söweşijilerinden bir toparynyň azatlyga goýberilendigini mälim etdi.

Bu barada penşenbe güni Pakistanyň Daşary işler ministrligi bilen Owganystanyň parahatçylyk baradaky Ýokary Geňeşi bilelikde beýanat ýaýratdy.

Beýanatda bu çäräniň Owganystandaky “barlyşyk prosesini öňe itermek” maksady bilen, owgan tarapynyň haýyşy esasynda amala aşyrylandygy aýdylýar.

Pakistanyň we Owganystanyň häkimiýetleri talybanlaryň wekilleriniň tussaglykdan boşadylmagynyň Talyban hereketi bilen parahatçylyk barada özara dil tapmaklyga ýardam eder diýip umyt edýändiklerini aýdýarlar.
XS
SM
MD
LG