Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaýyň Kommunistik partiýasynyň baş sekretary täzelendi


Penşenbe güni Hytaýyň Kommunistik partiýasy resmi ýagdaýda ýurduň wise-prezidenti Si Szinpingi partiýanyň baş sekretary wezipesine belledi.

Soňky on ýyl bäri bu wezipäni prezident Hu Žin Tao eýeläp gelipdi. Mundan daşary, şu gün wise-prezident Si Szinping Kommunistik partiýanyň Baş Harby Komissiýasynyň başlygy wezipesine-de bellendi.

Indi geljek ýylyň mart aýynda bolsa onuň Hytaýyň prezidenti wezipesine bellenmegine garaşylýar.

“Ksinhua” habar agentligi penşenbe güni Kompartiýanyň iň ýokary organy bolan Syýasy Býurosynyň Merkezi Komitetiniň agzalarynyň sanynyň-da dokuz adamdan ýedi adama getirilendigini habar berdi.
XS
SM
MD
LG