Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Nebit-gaz meselesi boýunça halkara sergisi açyldy


Çarşenbe güni Aşgabatda “Türkmenistanyň nebiti we gazy-2012” ady bilen halkara sergisi hem-de ýörite ylmy konferensiýa açyldy.

Serginiň çäklerinde Aşgabadyň “Sergi köşgünde” dünýäniň 20-den gowrak ýurdundan 100 töweregi kompaniýa özleriniň täze tehnologiýa önümlerini ýerleşdirdiler.

Bu sergä gatnaşýan kompaniýalaryň hatarynda Orsýetiň, Hytaýyň, Birleşen Ştatlaryň, Ýaponiýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýanyň, Fransiýanyň, Awstriýanyň we köpsanly beýleki ýurtlaryň kompaniýalary-da bar.

Nebit-gaz pudagyndaky meseleler bilen baglanyşykly Aşgabatda açylan we üç gün dowam etjek ylmy konferensiýa bolsa dünýäniň 250 töweregi kompaniýasyndan 700 töweregi delegatyň gatnaşýandygy habar berilýär.
XS
SM
MD
LG