Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Bir gezek: Galstukly eşek


Çekeleşik karikaturasy.
Çekeleşik karikaturasy.
Galstukly eşek

Aşyrberdi Kürt “Tokmak” žurnalynda işleýän wagty atly kolhoz başlyklarynyň birini tankytlap feleton ýazýar. Kolhoz başlygy bu hakda partiýanyň Merkezi Komitetinde işleýän uly wezipeli howandaryny habardar edýär.

Hökmirowan uly wezipeli haýdan-haý žurnalyň baş redaktoryna jaň edip, şol feletony ýatyrmagy, žurnalda çap etmezligi talap edýär. Baş redaktor feletonyň awtory Aşyrberdi Kürtüň özdiýenli adamdygyny, feleton ýatyrylsa, onuň goh turuzjagyny uly wezipelä aýdýar . Hökmirowan wezipeli baş redaktora “Işgäriň seniň sözüňi alga almaýan bolsa, sendenem ýolbaşçy bolarmy? Şojagaş Kürtüňi ýanyma iber,özüm mugyra getirerin” diýýär.

Aşyrberdi Kürti şol gün partiýanyň Merkezi Komitetine, hökmirowan wezipeliniň ýanyna iberýärler. Uly wezipeli Aşyrberdini birbada parahat kabul edýär. Onuň eserlerini öwýär. Durmuşda name problemasy bolsa, çözmäge kömek etjekdigini aýdýar. Özi bilen näme üçin hajyk-hujuk ediýändigini bilip oturan Aşyrberdi:

– Meň problemam köp. Olary hatda Alla-da çözüp bilenok. Näme üçin çagyran bolsaňyz gönüläň – diýýär.

Aşyrberdiniň öz çeýnejek çöpi däldigine gözi ýeten uly wezipeli aýlawly gürrüňi goýýar. Oňa:

– Sen pylan kolhozyň başlygy pylany hakda erbet makala ýazypsyň. Ol abraýly başlyk. Biz ol hakda erbet makalanyň žurnalda çap edilmegine ýol bermeris. Başlygyň bu meselede biziň bilen pikirdeş. Senem gaýdyş – dawa etme-de, razy bol – diýýär.

Aşyrberdi oňa razy bolmajakdygyny aýdýar. Gazaba münen uly wezipeli stoly ýumruklap ör turýar:

– Meniň kimdigimi tanaýarmyň? – diýýär.

Aşyrberdem örboýuna galýar:

– Ýok, kimdigiňi tanamok.Ýöne şu edarada seniň ýaly boýny galstukly eşekleriň işleýändigini welin bilýärin – diýýär.

Şol gün başga bir bahana tapyp, Aşyrberdi Kürti işden kowýarlar. Feleton çap edilmeýär.Ýöne minnetdar okyjylar märeke-meýlisde Aşyrberdiniň şerebeli sözlerini, şol sanda “Boýny galstukly eşek” sözünem ýatlap, gülüşýärler.

***

Üç ýüz däli

Bir gezek ýazyjylar toý saçagynyň başynda jem bolan wagty ýaşuly ýazyjy Ata Durdyýew:

– Däliligiň üç ýüz görnüşi bar, ýagny üç ýüz tüýsli däli bar – diýýär.

Biri Ata agany sözünde tutjak bolup:

– Beýle zat mümkin däl, üç ýüz dälini nädip tanajak – diýip, sowal berýär.

Ata aga:

– Gepem şonda. Olardan birini, zynjyrlamaly dälini tanap bolýar. Galan iki ýüz togsan dokuz däli, meselem, ikimiz ýaly däli ulus-ile goşulyp, sag adamlaryň hatarynda ýaşap ýör-diýýär.

***

Çybyn we çybyn

Gurbannazar Ezizowyň rus diline terjime edilen goşgulary 1972-nji ýylda “Dwa derewo” (“Iki agaç”) diýen at bilen Moskwada özbaşdak kitap görnüşinde çap edildi. Goşgulary moskwaly şahyr Walentin Çybin rus diline terjime edipdi.

Terjime çeperçilik taýdan pesdi. Biz, ýaşkiçiler edep saklap, dymýardyk. Ýöne onuň öz deň-duşlary, Annaberdi Agabaýew başlyklaýyn, “Kitap hiç neneň däl.Ýöne oňa “Dwa dub” (“Iki töňňe”) diýip at dakan bolsalar jüpüne düşjek eken. Bir töňňe sen, beýleki-de Çybin” diýip degişýärdiler. Gurbannazar ol degişmelere jogap berjek bolmazdy.Ýylgyryp, gulagynyň duşundan geçirýärdi.

Şol degişmeleriň möwjeýän günleri üýşüp ýazyjylaryň Pöwrizedäki döredijilik öýüne 2-3 günlük dynç almaga gitdik. Baran gijämiz Gurbannazaryň aýaklaryny, ylaýta-da sag aýagyny köpsanly çybyn çakdy. Ol ertesi gün irden güp ýaly çişen sag aýagyny sypap oturşyna:

– Meni Moskwada Çybin, Pöwrizede çybyn çakdy – diýdi.

Şondan soňra “Dwa derewo” bilen bagly degişmeler öz-özünden ýatdy.

***

“It üýrer…”

Bir gezek Atamyrat Atabaýew bilen awtoulagda bile barýardyk. Köçäniň beýleki tarapyndan ýazyjylar Atajan Tagan bilen Kakajan Durdyýewiň pyýada barýanyny görüp, maşyny sakladyk.

Niýetimiz olary barjak ýerine çenli maşynly äkitmekdi. Atamyrat maşyndan düşüp, olaryň adyny tutup gygyrdy. Olaryň ikisiniň-de gulagy agyrdy.Ýüzbe-ýüz duran wagtyň-da bogaza agram salyp, damak ýyrtmasaň, sesiňi eşitmeýärdi. Olar Atamyradyň sesini eşitmän, ýoluny dowam etdiler.

Azaby reýgan bolan Atamyrat maşyna münüp, ilki hezil edip güldi. Soňra-da türkmeniň “It üýrer, kerwen geçer” diýen nakylyny özüçe üýtgedip:

– “It üýrer, KERLER geçer” – diýdi.

***

Ajy söz

Bir gezek Nobatgulu Rejebow ýolda pete-pet gabat geldi. Ol salamdan ozal “Inim, çilimiň barmy? – “diýip sorady. “Ýok” – diýdim. “Nasyň barmy?” – diýdi. “Ýok” –diýdim. Ol soňra:

– Inim, türkmeniň “Bugdaý nanyň bolmasa, bugdaý sözüň ýokmydy?!” diýen sözi bar. Ajy çilimiň, ajy nasyň ýok bolsa, ajy, şerebeli sözüň-ä bardyr. Şony bir aýt, boş gitmäýin – diýdi.

Toplan ýazyjy Amanmyrat Bugaýew.
XS
SM
MD
LG