Sepleriň elýeterliligi

Garry gyzlar: Sebäbiň biri neşe...


Toý lybaslary dükany. Gyrgyzystan.

Toý lybaslary dükany. Gyrgyzystan.

Türkmenleriň arasynda gyzlar, umuman aýdylanda, maşgala durmuşyna gaty ir başlaýarlar. Gyzlar, adatça, 20-25 ýaşyň aralygynda durmuşa çykýarlar. Emma soňky döwürlerde bu däbe eýermeýänler, durmuş toýlaryny has gijräk tutýanlaram bar.

Şeýle ýagdaýlara telim gezek duş gelenleň birem Türkmenistandan öý-hojalykçy zenan Hurma. Azatlyk Radiosy 25 ýaşly Hurma bilen gyzlaryň adatdakysyndan gijräk durmuşa çykyp başlamagynyň sebäpleri barada söhbetdeş boldy.

Azatlyk Radiosy: Türkmenistanda soňky ýyllarda türkmen gyzlarynyň arasynda 30-35 ýaşynda durmuşa çykman oturanlarynyň-da bardygy hakynda ilat arasynda köp gürrüň edilýär. Şeyle gürrüňler hakykata laýyk gelýärmi?

Hurma: Şu ýagdaý hakykata laýyk gelýär. 30-35, hatda kyrk ýaşynda-da durmuşa çykman oturan gyzlar obadyr şäherlerde, her öýde bar diýen ýaly.

Azatlyk Radiosy: Munuň sebäbini nämeden görýärsiňiz?

Hurma: Munuň esasy sebäbi – garaşsyzlyk ýyllary neşekeşligiň ösmegi bilen bagly boldy. Köp ýigiter neşekeş bolup zaýalandylar. Häzir il içinde ýigitleriň sanynyň azdygy, gyzlaryň sanynyň bolsa köpdügi barada hem aýdylýar. Ýöne statistiki maglumatlar berilmänsoň, munuň dogrudygyny ýa-da däldigini anyklap bolmaýar.

Ýene bir sebäbi – gyzlaryň karýera kowalaşmagy, diplomly, okuwly gyzlaryň köpüsi wezipe eýelemäge ymtylýarlar. Wezipe üçin, wezipeli, pully adamlaryň ikinji, üçünji aýal bolup oturanlarm kän. Olar çaga dogurmansoň, ady çykmadyk gyz bolýar.

Kähalatlarda ene-atasynyň günäsi bilen, söýen ýigidine berilmänsoň, başga durmuşa çykman oturan gyzlar hem kän.

Maşgalada ene-atasy ýogalyp, jigilerine seretmeli bolup, öz durmuşlaryna eli ýetmeýän gyzlaram bar. Narkotik jisimlerine özüni aldyryp, söwda-satyga gyzyp, baýlyk toplamak isläp ýörenlerem bar.

Barjak ýigidiniň baý hem pully bomagyny isläp oturan gyzlaram bar. Garaz, sanasaň sogaby bar. Gyzlaryň oturyp galmagynyň müň bir sebäbi bar. Köplenç oglanyň alfons (gyzlaryň puluna gezýän erkeklere aýdylýar) ýa biwepa bolmagy hem sebäp bolýar. Ýüregi ýaralanan gyzlarda durmuşa çykmak meýli ýitip gidýär.

Azatlyk Radiosy: Edep-terbiýäniň kemligi beýle ýagdaýa sebäp bolup bilermi?

Hurma: Elbetde, käbir eneler öz gyzlaryna edep-ekram bermegi unudýarlar. Öý işlerini, el işlerini, mylakatly bolmagy, päkize halal bolmagy öwretmän, ähli öý işlerini öz üstlerine alýarlar. Şeýle ýagdaýda ýetişen gyzlar durmuşa taýyn bolmaýarlar. Olar adamsynyň keşigini çekmeden gorkýarlar. Şeýle gyzlar durmuş guran halatynda hem tiz wagtan olaryň durmuşy bozulýar.

Azatlyk Radiosy: Sosial ýagdaýlaryň sebäp bolmagy mümkinmi?

Hurma: Hawa, häzirki wagtda iş meselesi, aýlyk-günlük meselesi, esasanam jaý meselesi ýaşlaryň öňünde uly problema bolup durýar. Mysal üçin, oglanyň özbaşdak ýaşamaga jaýy bolmasa, gyz ondan daş duranyny kem görenok. Ýa-da bolmasa işsiz ýigit bilen durmuş gurmana töwekgel az bolýar.

Azatlyk Radiosy: Şu ýagdaýdan çykalga barmy, siz nähili piker edýäňiz? Gyzlaryň bagtly aýal, ene, maşgalaly bolmagy üçin näme gerek?

Hurma: Ilki bilen döwlet derejesinde ýaşlaryň problemalaryna üns berilmegi zerur. Jaý meselesi, okuw, iş meselesi döwletiň üns merkezinde birinji orunda bolmaly. Obalarda, etraplarda zenan guramalary işlemeli. Ene-atalar gyzlarynyň edep-terbiýesine üns bermeli. Neşekeşligiň soňuna çykmaly. Galyberse-de, gyzlaryň özleriniň oýlanmagy gerek. Olar özleriniň nesil öndürip, durmuşyň dowamyna goşant goşmalydyklaryny ýatdan çykarmaly däl.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG