Sepleriň elýeterliligi

Hamasyň hüjüminde üç ysraýylly öldi


Hamas toparynyň atan raketasy Gazadan 25 km. demirgazykda ýerleşýän Kirýat Milaçi şäherindäki binalaryň birine baryp düşdi. 15-nji noýabr, 2012 ý.

Hamas toparynyň atan raketasy Gazadan 25 km. demirgazykda ýerleşýän Kirýat Milaçi şäherindäki binalaryň birine baryp düşdi. 15-nji noýabr, 2012 ý.

Ysraýylyň günortasyna Hamas toparynyň söweşijileriniň atan raketalary sebäpli, üç ysraýylly öldi. Bu aralykda Ysraýylyň harbylary Hamas toparynyň gözegçiligindäki Gaza zolagyndaky operasiýalaryny ýaýbaňlandyrdy.

Hamas toparynyň atan raketasy Gazadan 25 km. demirgazykda ýerleşýän Kirýat Milaçi şäherindäki binalaryň birine baryp düşdi. Netije-de üç ysraýylly ýogaldy.

Ysraýylyň harbylarynyň aýtmagyna laýyklykda, olaryň “Demir gümmez” atly raketa hüjümine garşy goranyş sistemasy penşenbe güni Gazadan atylan onlarça raketany atyp, ýarypdyr. Aýdylmagyna görä, raketalaryň biri goranyş sisteamasyndan geçmegi başaryp, bina baryp urupdyr.

Ysraýylyň polisiýasynyň metbugat wekili Mikeý Rozenfeld bu hüjüm barada BBC gullugyna şeýle gürrüň berdi: “Raketa binanyň ýokary bölegine baryp urdy. Gynansak-da, ol ýerde bir maşgala bardy. Ol ýerde bir jübüt maşgala ýaşaýardy. Gabat garşydaky kwartirada hem bir aýal ýaşaýardy. Olaryň howpsuz ýere barmagy üçin wagty bolmandy. Olaryň üçüsi hem öldi.”

Çarşenbe güni Ysraýylyň harbylary “Goranyşyň sütüni” kod atly operasiýany başladylar. Onuň çäginde Gaza zolagyna ýerden, deňizden we howadan edilen hüjümlerde Hamas toparynyň harby ganatynyň ýolbaşçysy Ahmed Al-Jaabari, başga-da 13 adam, şol sanda iki çaga hem öldürildi.

Polisiýanyň metbugat wekili Rozenfeld Hamasyň muňa jogap edip, raketalary atandygyny aýtdy: “Dörän ýagdaýlar, raketalar sebäpli, Gaza zolagyna sekiz kilometr golaýda ýaşaýan adamlara hatda işlerine çykmaga hem ýol berlenok. Ysraýyla garşy 130-e golaý raketa atyldy.”

Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu çarşenbe güni çykyş edip, ýurduň “operasiýalary ýaýbaňlandyrmaga taýýardygyny” aýtdy.

Orsýetiň daşary işler ministri Sergeý Lawrow çarşenbe güni Saud Arabystanyna eden saparynyň dowamynda, dörän ýagdaýlar barada şeýle diýdi: “Regionda, Palestinanyň territoriýasynda bolup geçýän zatlar, bizi alada goýýar. Biziň pikirimizçe, howa hüjümleri ýa-da gazaply daryşmagyň islendik beýleki görnüşleri dessine togtadylmalydyr”.

Müsüriň daşary işler ministri penşenbe güni çykyş edip, Gaza konflikti boýunça Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisiniň geçirilmegini talap etdi. Şeýle-de ol ABŞ-y “Ysraýylyň agressiýasyna” “dessine böwet bolmaga” çagyrdy.
XS
SM
MD
LG