Sepleriň elýeterliligi

Täjigistan: Tussaglaryň ýenijilendigi barada alada edilýär


Penşenbe güni Täjigistanyň hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň zorluklara garşy koalisiýasy tussaglaryň köpçülikleýin ýenjilmegi barada bar bolan soňky maglumatlaryň derňelmegine çagyryş etdi.

Bu koalision gurama bir hepde mundan ozal Täjigistanyň Duşenbe şäheriniň türmesinden Hojent şäheriniň türmesine geçirilen tussaglardan azyndan 50 töwereginiň türmäniň işgärleri tarapyndan rehimsizlik bilen ýenjilendigini aýdýar.

Ýerli aktiwistler bu ýenijilen tussaglardan azyndan dördüsiniň şu ýylyň sentýabr aýynda başga bir tussagyň urlup öldürilmegine şaýat bolandyklaryny aýdýar.

Täjigistanyň hökümete degişli bolmadyk guramalarynyň zorluklara garşy koalisiýasynyň ýaýradan bu beýanatynda ýurduň türmelerinde ýene azyndan alty sany tussagyň gümürtik ýagdaýlarda ölendigi aýdylýar.
XS
SM
MD
LG