Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjüstan: Içeri işler ministrliginiň 9 resmisi tussag edildi


Penşenbe güni Gürjüstanyň Içeri işler ministrliginiň ozalky resmilerinden dokuzysy tussag astyna alyndy. Bu tussag edilenleriň arasynda ministrligiň Konstitusion howpsuzlyk baradaky departamentiniň ozalky başlygy Lewan Kardawa-da bar.

Lewan Kardawanyň aklawçysy şu gün žurnalistlere beren interwýusynda bu tussag edilen resmilere wezipelerinden hyýanatçylykly peýdalanmakda hem-de raýatlaryň azatlyklaryny bikanun çäklendirmekde aýyplama bildirilýändigini aýtdy.

Häzirki wakanyň şu ýylyň başynda şol wagtky oppozisiýa lideri we häzirki premýer-ministr Bidzina Iwanişwiliniň janpenalarynyň güýç ulanylyp alnyp gaçylmagy bilen baglanyşykly waka bilen-de dahyllydygy aýdylýar.
XS
SM
MD
LG