Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Liderleriň çalşyrylýan döwri ýurt uly ykdysady meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolýar


Hytaý döwlet baştutanlaryny täzeleýär, şol bir wagtda ýurduň bir wagtlar ösen ykdysadyýeti uly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Hytaý döwlet baştutanlaryny täzeleýär, şol bir wagtda ýurduň bir wagtlar ösen ykdysadyýeti uly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.
Hytaýda döwlet ýolbaşçylarynyň çalyşýan wagty 2009-njy ýylyň global maliýe krizisinden bäri bu ýurduň ykdysadyýetiniň iň pese gaçan döwrüne gabat geldi. Eýsem Hytaýyň iň uly ykdysady problemasy nämede? Onuň derejesi indi öňki kaddyna gelip bilermi?

Hytaý döwlet baştutanlaryny täzeleýär, şol bir wagtda ýurduň bir wagtlar iki belgili derejede ösen ykdysadyýeti uly problemalar bilen ýüzbe-ýüz bolýar.

Üç töweregi onýyllygyň dowamynda Hytaý ilatyny garyplyk derejeden çykarmak üçin infrastrukturasyna uly möçberde maýa ýatyrdy we eksport üçin önüm öndürýän döwlet kärhanalaryny döretdi.

Bu nusga görlip-eşidilmedik üstünliklere getirdi we 500 million töweregi ilatyny, ýagny ýurduň ilatynyň tas deň ýarysyny diýen ýaly garyplykdan alyp çykdy. Bu ösüş hytaý jemgyýetine hem oňaýly täsirini ýetirdi. Ýurtda her ýylda 6 million adam Hytaýyň uniwersitetlerini tamamlaýar, 500 milliondan gowrak ilaty bolsa Interneti ulanýar.

Ýöne şu günki gün Hytaýyň ykdysadyýeti pese gaçýar. Şu aýda Hytaýyň hökümeti ýurduň 2012-nji ýylyň üçünji kwartalyndaky ösüşini 7.6 prosent diýip yglan etdi. Bu san 2008-nji ýyldan bäri iň pes derejäni görkezýär.

Köp sanly ekspertleriň aýtmaklaryna görä, Hytaýyň iň uly problemasy onuň ykdysadyýetiniň döwlet eýeçiliginde saklanmagy bolup durýar. Bu sistema Hytaýda öndürilen önümlere talap bar döwründe oňyn netije berdi, ýöne häzir pese gaçan dünýä ykdysadyýeti bu deňagramlylygy bozana meňzeýär.

Düýbi Londanda ýerleşýän “Economics Intelligence Unit” barlaglar edarasynyň Hytaý boýunça eksperti Dunkan Innes Keriň aýtmagyna görä, Hytaýyň geljekde ösüşini gazanmak üçin hususy sektory ösdürmeli.

“Häzirki wagtda bank sistemasy esasan döwlet eýeçiligindäki ykdysadyýete hyzmat edýär we döwlet sektorynyň haýryna hususy sektoryň kapitalynyň uly zyýan çekmegine täsir edýär. Bu uly problema. Şeýlelikde, döwlet sektory az öndümli bolýar, az iş ýerlerini döredýär we hususy sektordan az peýda getirýär” diýip, Innes Ker aýdýar.

Hytaýyň liderleri uzak wagtyň dowamynda hususy sektory ösdürmek, içgi sarp edişi ösdürmek, ekporty diwersifikasiýa etmek bilen ykdysady ösüşi gazanmak isleýändiklerini aýdyp geldiler.

Ýöne beýle özgerişikleri düýpli ornaşan bir partiýaly sistema bilen amala aşyryp bolmajakdygy aýan boldy.

Innes Ker Hytaýyň täze ýolbaşçylary öz amala aşyrjak planlaryny jemgyýetçilige açyk aýan etmeli bolar diýýär. “Ýöne bu meselä konserwatiw çemeleşilýär” diýip, ol aýdýar.

Bäsdeşligiň ýetmezçilik edýän ýa-da düýbünden ýok ýerinde döwlet kärhanalaryna daýanylmagy Hytaýyň ýene bir problemasyny - korrupsiýany döredýär.

Wezipesinden çekilýän Hytaýyň prezidenti Hu Jintao Kommunistik partiýanyň gurultaýynda eden çykyşynda täze ýolbaşçylara ýüzlenip, korrupsiýa meselesindäki şowsuzlyk “partiýanyň we döwletiň dargamagyna getirer” diýdi.

Hytaýyň geljekde ösüşine böwet bolýan beýleki problemalaryň arasynda ýurduň ilatynyň garramagy, daşky gurşawyň hapalanmagy ýaly meseleler agzalýar.

Ýurduň ýüzbe-ýüz boljak problemalarynyň çözgüdi Hytaýyň geljek onýyllakdaky ösüş derejesini kesgitlär.
XS
SM
MD
LG