Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Ýerli raýata “dine şek ýetirmekde” ölüm jezasy berildi


Pakistanyň demirgazyk-günbatar regionyndaky Çitral etrabynyň sudy 20 ýaşlaryndaky ýerli ýaşaýjy Hazrat Aly Şahy “dine şek ýetirmekde” aýyplap, ony ölüm jezasyna höküm etdi.

Ýerli polisiýa edarasynyň resmisi Amir Khan bu ýaş ýigidiň Muhammet pygamberiň mertebesini kemsidenlikde aýyplanyp, geçen ýylyň mart aýynda tussag edilendigini aýtdy.

Munuň özi 2010-njy ýylda pakistanly hristian gyzy Asiýa Bibiniň ölüm jezasyna höküm edileli bäri “dine şek ýetirmek” meselesi bilen baglanyşykly pakistanly raýata ölüm jezasynyň berilmegi bilen bagly ikilenji wakadyr.

Ýöne suduň kararyna garamazdan, häzire çenli bu kanun boýunça hiç bir raýata garşy ölüm jezasy berjaý edilmändi. Adatça, bu meselede şikaýat sudy aşaky sudlaryň çykaran kararyny ýatyrýan hökümleri çykarýar.
XS
SM
MD
LG