Sepleriň elýeterliligi

Merkel Moskwada Orsýetiň prezidenti bilen gepleşik geçirýär


Orsýete sapar edýän Germaniýanyň kansleri Angela Merkel anna güni Moskwada prezident Wladimir Putin bilen gepleşik geçirer diýlip garaşylýar.

Kremliň metbugat sekretary Dmitriý Peskow bu duşuşykda Ýewropa Bileleşigindäki “Orsýetiň bähbitlerine garşy gelýär” diýlip hasaplanylýan kanunçylyklar bilen bagly meseläniň-de gozgaljakdygyny aýtdy.

Onuň gürrüňini edýän bu meselesi energiýa üpjünçilik kompaniýalarynyň öz önümleri, önümleriniň transporty we onuň satuwy baradaky işlerini bir kontraktyň çäklerinde däl-de, aýry-aýrylykda amala aşyrmaklaryny şert edip goýýan täze kanunçylyk düzgünleri bilen baglanyşykly.

Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasy Ýewropanyň bu kanunçylyk düzgünleriniň talaplaryna garşy çykyş edip gelýär.
XS
SM
MD
LG