Sepleriň elýeterliligi

Müsüriň premýer-ministri Palestinanyň Gaza Sektoryna bardy


Palestinaly söweşijiler bilen Ysraýylyň güýçleriniň arasyndaky hüjümleriň güýçlenýän bir wagtynda anna güni Müsüriň premýer-ministri Heşam Kandil Palestinanyň Gaza Sektoryna sapara bardy.

Ysraýylyň häkimiýetleri Müsüriň premýer-ministriniň bu saparynyň dowamynda Ysraýyl tarapyndan Gaza Sektoryna garşy geçirilýän harby operasiýalaryň wagtlaýynça togtadyljakdygyny mälim etdiler.

Emma beýleki tarapdan, Ysraýylyň hökümetiniň metbugat sekretary palestinaly söweşijileriň Ysraýylyň territoriýasyna raketa oklaryny atmaklaryny dowam etdirýändiklerini aýtdy.

Şol bir wagtyň özünde, Palestinadaky käbir ýerli çeşmeler Ysraýylyň hüjümleriniň-de dowam edýändigini habar berýärler. Ikitaraplaýyn hüjümleriň artmagy bilen, Ysraýyl anna güni özüniň rezerwdäki harbylaryny-da gyssagly goşuna çagyryp başlady.
XS
SM
MD
LG