Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gazynyň Eýrana akdyrylmasynyň dikeldilendigi aýdylýar


Anna güni “Roýter” habar agentligi “Türkmengaz” döwlet konserniniň sözlerine salgylanmak bilen, Türkmenistandan Eýrana gaz akdyrylmasynyň gaýtadan ýola goýlandygyny habar berýär.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Sähetmyrat Mämmedow “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda şu hepde Türkmenistanyň Eýrana akdyrýan gazynyň wagtlaýynça togtadylmagynyň Tähranyň haýyşy esasynda ýüze çykandygyny aýdypdyr.

“Roýteriň” maglumatyna görä, Sähetmyrat Mämmedow bu bökdençligiň gazyň bahasy bilen bagly ylalaşmazlyklar sebäpli ýüze çykandygy barada habar serişdeleriniň ýaýradan maglumatyny ret edipdir.

Emma şu hepdäniň çarşenbe güni Eýranyň “Mehr” habar agentligi Eýranyň nebit ministri Rostam Koseminiň sözlerine salgylanmak bilen, Türkmenistandan akdyrylýan gazyň wagtlaýynça kesilmegine gazyň bahasy baradaky ylalaşmazlyklaryň sebäp bolandygyny habar beripdi.
XS
SM
MD
LG