Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gaza: Ysraýyl raketa hüjüminden soň özüni gorajakdygyny aýdýar


Ysraýylyň tanklary Gaza Sektorynyň serhedinde ýerleşdirildi.
Ysraýylyň tanklary Gaza Sektorynyň serhedinde ýerleşdirildi.
Ysraýyl öz raýatlaryny goramak üçin zerur bolan hereketleri amala aşyrjakdygyny mälim etdi. Gazada Palestinanyň raketa hüjümine jogap edip, Ysraýyl harby operasiýalaryny ýokary taýýarlyk derejesine ýetirdi.

Penşenbe güni Gaza Sektoryndan atylan raketa hüjüminde serhetden 25 kilometr uzaklykda ýerleşýän şäherde Ysraýylyň 3 raýaty öldürildi. Şondan soň premýer ministr Benýamin Netanýahu çykyş edip, şeýle diýdi:

“Ilatynyň tas bäşden bir bolegine yzygiderli raketa oklarynyň ýagdyrylmagy ýaly ýagdaýa hiç bir hökümet çydamlylyk etmez. Ysraýyl hem beýle ýagadaýa çydamlylyk etmez. Şol sebäpden hem meniň hökümetim Gazadaky terrorçy infrastrukturasyna garşy hirurgiýa zarbasyny urmak barada Ysraýylyň Goranmak güýçlerine görkezme berdi”.

Bu çarşenbe güni Palestinanyň “Hamas” yslam söweşiji toparynyň gözegçiligindäki territoriýasyna garşy harby operasiýa başlanaly bäri Ysraýylyň ilkinji ýitgisi boldy.

Çarşenbe gününden bäri Ysraýylyň howa, gury ýer we deňiz güýçleri tarapyndan amala aşyrylan hüjümlerde 13 palestinaly, şol sanda birnäçe çaga öldürildi.

Soňra, penşenbe güni Palestin söweşijileri Tel Awiwe garşy iki sany raketa atdylar. Bu soňky iki onýyllykda Ysraýylyň iň uly şäherine edilen ilkinji hüjümdir. Bu raketa oklaryndan ölen adam bolmady, olaryň biri deňze, beýlekisi bolsa şäheriň günortasyna düşdi.

Goranmak ministri Ehud Barak ätiýaçlyk güýçlerini taýýarlamak barada goşunyna buýruk berendigini aýtdy. Häzir 30 müň esgeriň taýýar edilendigini goşun güýçleri mälim etdi.

Mumammad Morsi: "Ysraýylyň agressiýasy kabul ederliksizdir”.
Mumammad Morsi: "Ysraýylyň agressiýasy kabul ederliksizdir”.
Müsüriň yslamçy prezidenti Muhammad Morsi penşenbe güni telewideniýede eden çykyşynda Ysraýylyň “agressiýasyna” “kabul ederliksiz” diýip baha berdi.

Morsi Kairiň diplomatik kanallar arkaly Ysraýyla protest ýollandygyny aýtdy.

“Biziň düýnki eýelän pozisiýamyz aýdyň. Biz öz pozisiýamyzy Müsüriň ilçisini Ysraýyldan çykarmak bilen beýan etdik. Daşary işler ministrliginiň üsti bilen biz Gaza garşy çozuş boýunça öz pozisiýamyzy beýan edýän haty ýollamak barada Ysraýylyň ilçisine ýatlatdyk” diýip, Morsi belledi.

Palestinalylary goldamak maksady bilen anna güni Müsüriň premýer-ministri Heşam Kandil Palestinanyň Gaza Sektoryna sapara bardy.

Ysraýylyň häkimiýetleri Müsüriň premýer-ministriniň bu saparynyň dowamynda Ysraýyl tarapyndan Gaza Sektoryna garşy geçirilýän harby operasiýalaryň wagtlaýynça togtadyljakdygyny mälim etdiler.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň sözçüsiniň orunbasary Mark Toner žurnalistleriň öňünde eden çykyşynda regiondaky dartgynly ýagdaýy gowşatmaga Müsüriň täsir etmegine Waşingtonyň çagyryş edendigini aýtdy.

Ak Tamyň sözçüsi Jeý Karneý palestinaly söweşijileriň raketa hüjümleriniň “hiç hili aklanyp bilinmejekdigini” aýtdy.
XS
SM
MD
LG