Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen gazy Eýrana tarap gaýtadan akyp başlady


Sähetmyrat Mämmedow bu bökdençligiň baha baradaky ylalaşmazlyklar sebäpli ýüze çykandygyny ret edipdir.
Sähetmyrat Mämmedow bu bökdençligiň baha baradaky ylalaşmazlyklar sebäpli ýüze çykandygyny ret edipdir.
Anna güni “Roýter” habar agentligi “Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygynyň sözlerine salgylanmak bilen, Türkmenistandan Eýrana gaz akdyrylmasynyň gaýtadan ýola goýlandygyny habar berdi.

“Türkmengaz” döwlet konserniniň başlygy Sähetmyrat Mämmedow “Roýter” habar agentligine beren interwýusynda şu hepde Türkmenistanyň Eýrana akdyrýan gazynyň wagtlaýynça togtadylmagynyň Tähranyň haýyşy esasynda ýüze çykandygyny aýdypdyr.

“Roýterin” maglumatyna görä, Sähetmyrat Mämmedow bu bökdençligiň gazyň bahasy baradaky ylalaşmazlyklar sebäpli ýüze çykandygy barada habar serişdeleriniň ýaýradan maglumatyny ret edipdir.

Emma şu hepdäniň çarşenbe güni Eýranyň “Mehr” habar agentligi bu ýurduň nebit ministri Rostam Kaseminiň sözlerine salgylanmak bilen, Türkmenistandan akdyrylýan gazyň wagtlaýynça kesilmegine gazyň bahasy baradaky ylalaşmazlyklaryň sebäp bolandygyny habar beripdi.

“Mehr” habar agentliginiň maglumatyna görä, nebit ministri R.Kasemi baha meselesi boýunça iki tarapyň arasynda gepleşikleriň dowam edýändigini we ylalaşyga gelnen ýagdaýynda gaz importynyň täzeden ýola goýuljakdygyny aýdypdyr. Emma anna güni gazyň taýtadan akyp başlamagynyň baha meselesi barada ylalaşyga gelnendigini aňladyp-aňlatmaýandygy barada heniz anyk maglumat ýok.

Eýran Türkmenistandan günde 15-18 million kubometr gaz satyn alýar, ýöne bu sanyň gyş möwsüminde 30 million kubometr möçbere ýetýändigi aýdylýar. “Britiş Petroleum” kompaniýasynyň maglumatyna görä, Eýran geçen ýylda Türkmenistandan 10.2 milliard kubometr gaz satyn alypdyr.

“ISNA” habar agentliginiň geçen ýekşenbe güni beren maglumatyna laýyklykda, Eýran Türkmenistandan gündeki satyn alýan gazynyň möçberini 40 million kubometre ýetirilmegini sorap ýüzlenipdir.

Eýranyň Milli gaz kompaniýasynyň direktory Jawad Owjä salgylanyp, “IRNA” habar agentligi şu ýylyň birinji ýarymynda import edilýän türkmen gazynyň möçberiniň öten ýylkysy bilen deňeşdirilende 52 prosent pese gaçandygyny ýazýar.
XS
SM
MD
LG