Sepleriň elýeterliligi

Orsýet: 9 adama ýarag saklamakda jenaýat aýyplamasy bildirildi


Anna güni Orsýetiň sudy gadagan edilen yslamçy toparyň agzalary diýlip hasaplanylýan dokuz sany adama ýarag we partlaýyjy enjamlary saklamakda jenaýat aýyplamasyny bildirdi.

Bu dokuz raýat şu aýyň başynda polisiýa güýçleri tarapyndan tussag edilipdi. Orsýetiň kanun goraýjy organlary bu dokuz raýaty kanun taýdan gadagan edilen “Hizb ut-Tahrir” guramasyna agzalykda aýyplaýarlar.

Bu tussag edilenleriň Orsýetiň we Täjigistanyň raýatlarydygy aýdylýar. Ýöne olaryň şahsyýetleri barada häzirlikçe anyk maglumat berilmeýär.
XS
SM
MD
LG