Sepleriň elýeterliligi

Haga sudy horwatiýaly iki generaly boşatmagy karar etdi


Anna güni Haga sudunyň şikaýatlar boýunça sudýalary uruş jenaýatçylyklarynda aýyplanylýan horwatiýaly generallar Ante Gotowina bilen Mladen Markaçy aklap, olary tussaglykdan boşatmak barada karar çykardy.

2011-nji ýylda Ante Gotowina 24 ýyl tussaglyga, Mladen Markaç bolsa 18 ýyl tussaglyga höküm edilipdi.

Haganyň sudy şonda olary 1995-nji ýylda Horwatiýanyň şol wagtky prezidenti Frandjo Tujmaniň ýerli serbleri bu regiondan gysyp çykarmak boýunça gurnan jenaýatçylykly dildüwşügine gatnaşanlykda günäli tapypdy.

1995-nji ýylda Horwatiýanyň Kradjina regionyndaky etniki serbleriň 200 müň töweregi bu regiondan gysylyp çykarylypdy. Olardan azyndan 150-si bu operasiýada atylyp öldürilipdi. Ante Gotowina bilen Mladen Markaça Horwatiýada milli gahrymanlar hökmünde garalýar.
XS
SM
MD
LG