Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gürjüstanda ýene birnäçe ýokary derejeli resmi tussag edildi


Anna güni Gürjüstanda bu ýurduň Içeri işler ministrliginiň ýene birnäçe ýokary derejeli resmisi tussag edildi. Şeýlelikde, soňky iki günüň dowamynda bu ýurtda tussag edilen resmileriň sany 12-ä ýetdi.

Bu tussag edilenlerden 11-siniň mundan ozal Içeri Işler ministrliginiň Konstitusion howpsuzlyk baradaky departamentinde işländikleri aýdylýar.

Penşenbe güni agşamlyk Tbilisi şäheriniň meriniň orunbasary Şota Kizanişwiliniň öýi dörülip, ol hem tussag astyna alnypdyr. Gürjüstanyň prokuraturasy bu tussag edilen adamlara garşy bildirilýän anyk aýyplamalaryň ýakyn wagtlarda yglan ediljekdigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG