Sepleriň elýeterliligi

Horasandaky salyr türkmenleri


Eýranyň Türbet-jam şäherindäki salyr türkmen gelinleri. 2012 ý.

Eýranyň Türbet-jam şäherindäki salyr türkmen gelinleri. 2012 ý.

Salyr türkmenleri geçen asyryň 30-njy ýyllarynda 500 öýli bolup, Türkmenistandan Eýranyň demirgazyk-gündogaryndaky Horasan welaýatyna göçüpdirler.

Salyr türkmenleri häzirki döwürde hem Eýranyň Türbet-jam şäherinde ýüzlerçe maşgala bolup ýaşaýarlar. Aradan ep-esli wagtyň geçendigine garamazdan, salyr türkmenleri özleriniň milliligini, türkmen dilini, däp-dessurlaryny, aýdym-sazlaryny gorapdyrlar.

Salyr türkmenleri öz sebitinde türkmen edep-terbiýesi, zähmetsöýerligi, başarjaňlygy we ugurtapyjylygy bilen beýleki halklaryň arasynda uly abraý gazanypdyrlar. Salyr türkmenleriniň wekilleri şeýlelik-de Eýran jemgyýetinde dürli pudaklarda abraýly orunlary almagy hem başarypdyrlar.

Azatlyk Radiosy Eýranyň Horasan welaýatynyň Türbet-jam şäherinde ýaşaýan salyr türkmenleriniň görnükli wekillerinden magaryf işgäri Suhan Salarniýa bilen sebitdäki salyr türkmenleriniň taryhy we gündelik durmuşy barada söhbetdeşlik geçirdi.

Azatlyk Radiosy: Eýrandaky salyr türkmenleriniň taryhy barada gürrüň berseňiz?
Suhan Salarniýa

Suhan Salarniýa

Suhan Salarniýa: Salyr türkmenlerimiz 1930-njy milady ýyllarynda 2-3 ýylyň dowamynda Türkmenistanyň Serahs şäherinden bärik göçüp gaýdypdyrlar. Ondan soň Eýran tarapdaky Serahs, Maşat we Türbet-jamyň töweregindäki obalara ýaýrap, ýaşap başlapdyrlar. Häzirki döwürde bolsa salyr türkmenleriniň hemmesi diýen ýaly Türbet-jamyň şäher merkezinda ýaşaýar. Maşat tarapynda hem ýaşaýan birnäçe öýli salyr türkmeni bardyr. Eýrandaky salyr türkmenleriniň ilaty 500 öýlüden gowrakdyr.

Azatlyk Radiosy: Salyrlaryň beýleki türkmenler bilen bolan gatnaşyklary nähili?

Suhan Salarniýa: Türkmensähradaky türkmenler bilen irki döwürlerden bäri gatnaşyp ýörüs. Magtymguly atamyzyň ýatlanýan ýörite belli günlerinde höwesjeň sungat işgärlerimiz, yaşlarymyz, gelin-gyzlarymyz, uly-kiçi hemmeler gatnaşyp durlar.

Eýrandaky öz türkmenlerimiziň aýdymçylary-sazandalary, şahyrlary we hemme adamlary hem biziň märekelerimize gelip, gatnaşyp yörler. Türkmenistandaky türkmenler bilen bolsa 1991-nji ýylda ara açylandan soň gatnaşyp başladyk. Saragtda, Maryda we Aşgabatda ýaşaýan gadym garyndaşlar tapyldy. Ikitaraplaýyn gatnaşyp durus. Olar gelýär, biz hem gidýäris.

Soňky wagtlarda Owganystandaky türkmenler bilen gatnaşyklarymyz ýygjamlandy. Magtymguly günlerine gatnaşýan mahaly ýol ugry bize myhman bolýarlar. Salyr türkmenlerimiz esasy gatnaw ýolunyň ugrunda ýaşaýandygy üçin Anna bagşy ýaly tanymal sungat işgärleri, telewideniýäniň işgärleri bizde düşläp, myhmançylykda bolýarlar.

Salyrlaryň meşhur bagşysy Gulam Salyr Türkiýä çykyş etmäge gidýär. Türkmenistandakylar bilen gatnaşýanlar bar. Dünýä türkmenleriniň gumanitar birleşiginiň medeni çärelerine gidýänler bar. Hemme türkmenler bilen ynha şeýle gowy gatnaşyklarymyz bar.
Eýranyň Türbet-jam şäherindäki salyr türkmen gyzlary.

Eýranyň Türbet-jam şäherindäki salyr türkmen gyzlary.

Azatlyk Radiosy: Siziň ýaşaýan ýeriňizde türkmen mekdepleri barmy?

Suhan Salarniýa: Aslynda Eýranda hiç bir türkmene türkmen dili okadylanok. Meselem Türkmensähra tarapdaky türkmenler köpçülik bolandygyna garamazdan ne kiçi, ne-de uly hiç öz türkmen mekdepleri ýok.

500 öýli salyr türkmenleriniň arasynda hem öz türkmen mekdebi ýok. Ata-babalarymyz türkmen dilini goramagymyz üçin öňden bäri hemişe öwüt-nesihat gelensoň biz öz dilimizi gowy goradyk. Türkmen dili barada okadylýan zat hem ýok.

Azatlyk Radiosy: Türkmen dilini gorap saklamagyňyza näme sebäp boldy?

Suhan Salarniýa: Her bir halkyň milliligini goraýan esasy baýlyk dil bolup durýar. Salyrlar, öz türkmen maşgalalarynda diliniň üstünde gaty köp iş alyp barýar. Baba-mamalar, ene-atalar, aýal-gyzlar bilen bir hatarda hemme türkmen öz dilini goramak üçin uly alada edýär.

Toýlarda öz milli eginbaşymyzy geýmeklik, öz däp-dessurlarymyzy dowam etdirmeklik, öz dilimizi saklamaklyk barada tagallalar edilip dur. Mundan 7-8 ýyl owal dilimizi saklamaklyk barada öz salyrlarymyzyň arasynda alada edip, Magtymgulynyň eserlerini okamaga başladyk.

Eýrandaky başga türkmenler hem mundan görelde alyp, öz arasynda maslahat geçirip, öz dilimizi saklamaklyk meselesine uly üns berip başladylar. Şeýle aladalaryň netijesinde häzirki döwürde hemmeler gowy türkmençe gürleýär we öz dilini gowy goraýar.

Azatlyk Radiosy: Salyr türkmenleri näme bilen meşgullanýarlar?

Suhan Salarniýa: Bu ýerde esasy ugur ekerançylyk. Şol sebäpden Türbet-jamda ekerançylykda ulanylýan kombaýynlar, köp tigirli uly maşynlar ýaly tehnikalar salyrlaryň eýeçiliginde.

Eýranda ýaşaýan dürli halklaryň işi düşen mahaly gönümel salyr türkmenlerine ýüz tutýarlar. Eýrandaky halklar bärdäki türkmenlere “Salari” ýa-da “Turkmenha” diýip at berýärler.

Kombaýynçylarymyzyň ýany bilen 10-18 tigirli uly maşynlarmyz hem işlemäge gidýar. Bazar ýagny söwda işleri bilen meşgullanýanlarymyz hem bar. Gowy ussalarymyz bar maşyn we tehnika bejerýän.

Satyş işlerinde işleýän oglanlarymyz bar. Esasan hem edaralarda işleýan salyrlarymyz bar. Meniň özüm hem hormatly dynç alyşdaky mugallym. Menden başga ýene 10-12 sany mugallym bar.

Türkmenlerimiziň arasynda şeýle-de häkimliklerde we telefon aragatnaşyk ugrunda işleýänler bar. Ýaşaýan sebtimizde türkmenler bolup ýokary abraýa eýe bolanymyz üçin gowy bize gowy işler berýärler.

Maşatdaky salyr türkmenlerimiziň arasynda bolsa 3-4 sany gaty uly halkara firmalary bolanlar bar. Şolaryň arasynda Eýranyň öz içinde hem ady belli transport ugrynda işleýän firmalar hem bar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG