Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Orsýetden alýan gazyny azaltmakçy


Ukrainanyň paýtagty Kiýewde protestçiler gazyň bahasy bilen baglanyşykly edilýän jykdajylaryň halka äşgär edilmegini talap edýärler. Kiýew, mart, 2012.
Ukrainanyň paýtagty Kiýewde protestçiler gazyň bahasy bilen baglanyşykly edilýän jykdajylaryň halka äşgär edilmegini talap edýärler. Kiýew, mart, 2012.
Ukrainanyň energetika ministri Ýuriý Boýko anna güni telewideniýede eden çykyşynda öz ýurdunyň Orsýetiň tebigy gazyna bolan garaşlylygyny kemeltmegi planlaşdyrýandygyny aýtdy. Ol bu meselede Orsýetiň halkara sudunda Ukraina bilen sudlaşmagynyň-da mümkindigini ýaňzytdy.

Ukrainanyň “Inter” telekanalynda eden bu çykyşynda Ýuriý Boýko Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň öz gazyna salýan bahasyndan Ukrainanyň nägiledigini aýtdy.

Ol: “Elbetde, biz indi özara dawalaryň we hatda orsýetli kärdeşlerimiz bilen sud göreşleriniň ýüze çykjakdygyna-da düşünýäris. Emma Ukraina öz milli bähbitlerini goramak niýetinden ugur alýar” diýip nygtady.

Problemanyň ýakyn taryhy

Ukraina 2009-njy ýylda Orsýetiň gazynyň tranziti barada özara dawalaryň fonunda gazyň bahasy barada Orsýet bilen ylalaşyga gol çekipdi.

Ukrainanyň energetika ministri Ý.Boýko (çepde) we Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň başly A.Miller. Kiýew, 27-nji iýun, 2012.
Ukrainanyň energetika ministri Ý.Boýko (çepde) we Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň başly A.Miller. Kiýew, 27-nji iýun, 2012.
Gyşyň iň bir aňzakly günlerinde Gündogar we Merkezi Ýewropa ýurtlaryna akdyrylýan gazyň wagtlaýynça togtadylmagyna getiren şol dawalar Ýewropa Bileleşiginiň-de bu dawalara goşulyşmagy netijesinde çözülipdi.

Ýöne aradan birnäçe ýyl geçensoň, Ukrainanyň täze häkimiýetleri ýurduň ozalky premýer-ministri Ýuliýa Timoşenkony şol döwürde Orsýet bilen örän gymmat gaz ylalaşygyna gol çekenlikde we bu meselede wezipesinden hyýanatçylykly peýdalananlykda aýyplap, ony ýedi ýyl türme tussaglygyna höküm etdiler.

Şondan bärem Ukrainanyň häkimiýetleri gazyň bahasy barada Timoşenko bilen Putiniň gol çeken şol ozalky ylalaşygyna täzeden garalmagyna aýak diräp geldiler.

Satyn alynýan gaz eýýäm azaldyldy

Anna güni eden çykyşynda Ukrainanyň energetika ministri Ýuriý Boýko şu üstümizdäki ýylda Ukrainanyň Orsýetden satyn alýan gazynyň möçberini 1.5 milliard kubometr azaldandygyny aýtdy. Beýle diýmek, onuň şu ýyl 26 milliard kubometr gaz alýandygyny aňladýar.

Şenbe güni Orsýetiň “Wzglýad” gazetine beren interwýusynda Ukrainanyň “Naftogaz” döwlet kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Wadim Çuprun 2013-nji ýylda Orsýetden satyn alynýan gazyň möçberiniň ýene azaldylyp, onuň 20 milliard kubometre getiriljekdigini aýtdy.

Orsýetiň hökümeti we “Gazprom” kompaniýasy öz gezeginde Ukrainanyň näçe möçberde gaz alýandygyna garamazdan, Kiýewden özara şertnamada ylalaşylan doly bahany tölemegini talap edýär.

Emma, muňa garamazdan, Ukrainanyň “Naftogaz” döwlet kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Wadim Çuprun Ukrainanyň eýýäm Germaniýanyň RWE kompaniýasy bilen gazyň söwdasy barada ylalaşandygyny we geljek 2013-nji ýyldan başlap Germaniýadan 5 milliard kubometr gaz satyn aljakdygyny mälim etdi.

W.Çuprunyň aýtmagyna görä, Germaniýadan satyn alynjak gazyň her kubometriniň bahasy Orsýetden satyn alynýan gazyň bahasyndan 40-70 dollar töweregi arzan bolar. Tomus möwsüminde bolsa ol bahanyň hatda 100 dollar töweregi arzan boljakdygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG