Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina Orsýetiň tebigy gazyna bolan garaşlylygyny azaltmakçy


Anna güni Ukrainanyň energetika ministri Ýuriý Boýko telewideniýede eden çykyşynda öz ýurdunyň Orsýetiň tebigy gazyna bolan garaşlylygyny azaltmagy planlaşdyrýandygyny aýtdy.

Ol bu meselede Orsýetiň halkara sudunda Ukraina bilen sudlaşmagynyň-da mümkindigini ýaňzytdy. Ýuriý Boýko Orsýetiň “Gazprom” kompaniýasynyň öz gazyna salýan bahasyndan Ukrainanyň nägiledigini aýtdy.

Ukrainanyň “Naftogaz” döwlet kompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Wadim Çuprun Ukrainanyň eýýäm Germaniýanyň RWE kompaniýasy bilen gazyň söwdasy barada ylalaşandygyny we geljek 2013-nji ýyldan başlap Germaniýadan 5 milliard kubometr gaz satyn aljakdygyny mälim etdi.

Çuprunyň aýtmagyna görä, Germaniýadan satyn alynjak gazyň her kubometriniň bahasy Orsýetden satyn alynýan gazyň bahasyndan 40-70 dollar töweregi arzan bolar. Tomus möwsüminde bolsa ol bahanyň hatda 100 dollar töweregi arzan boljakdygyny aýdýar.
XS
SM
MD
LG