Sepleriň elýeterliligi

Kosowa Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Bankyna agzalyga alyndy


Anna güni Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky Kosowanyň bu Bankyň agzalygyna kabul edilýändigini yglan etdi. Kosowa bäş ýyl mundan ozal özüniň Serbiýadan garaşsyzlygyny yglan edipdi.

Şu geçen döwrüň içinde onuň garaşsyzlygyny dünýäniň 90-dan gowrak ýurdy ykrar etdi.

Dünýäniň 66 ýurduny özüne birleşdirýän Ýewropanyň Dikeldiş we Ösüş Banky Kosowanyň agzalyga kabul edilmegi baradaky kararyň anna güni bu Bankyň dolandyryjy Geňeşi tarapyndan kabul edilendigini aýdýar.

Mundan ozal, 2009-njy ýylda Kosowa Dünýä Bankynyň we Halkara Walýuta Fondunyň-da agzalygyna kabul edilipdi. Onuň bu banklara agzalygy bu ýurda halkara maliýe ýardamlarynyň berilmegine giň ýol açýar.
XS
SM
MD
LG