Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tunisiň daşary işler ministri Gaza Sektoryna sapara bardy


Palestinaly söweşijiler bilen Ysraýylyň güýçleriniň arasyndaky hüjümleriň güýçlenýän bir wagtynda şenbe güni Tunisiň daşary işler ministri Rafik Abdessalem Gaza Sektoryna sapara bardy.

Bu wakanyň öňýany, anna güni giçlik Ysraýylyň geçiren howa hüjümlerinde käbir beýleki binalar bilen birlikde, Gaza Sektorynyň hökümetiniň merkezi edarasynyň binasy-da weýran boldy.

Tunisiň daşary işler ministri Rafik Abdessalem bu hüjümleri berk ýazgardy we muny halkara kanunlaryna garşy gelýän çäre diýip häsiýetlendirdi. Palestinanyň medisina resmileri anna agşamsy amala aşyrylan howa hüjümlerinde azyndan sekiz adamyň ölendigini tassykladylar.

Bu hüjümleriň öňýany, anna güni Müsüriň premýer-ministri Heşam Kandil hem Gaza Sektoryna sapar edipdi. Anna güni giçlik Ysraýylyň hökümeti gyssagly ýagdaýda 75 müň töweregi adamy rezwerden harby gulluga çagyrdy.

Ysraýylyň Goranmak ministrligi bolsa häzirki wagt Gaza Sektoryna barýan esasy transport ýollarynyň hemmesini baglandygyny hem-de bu sektory “ýapyk söweş zonasy” diýip yglan Edendigini aýdýar.
XS
SM
MD
LG