Sepleriň elýeterliligi

Müsürdäki transport heläkçiliginde azyndan 47 çaga öldi


Şenbe güni Müsüriň Assiut prowinsiýasynda üsti çagalardan doly bir awtobusyň otly bilen çaknyşmagy netijesinde azyndan 47 sany çaga bu wakanyň pidasy boldy.

Bu prowinsiýanyň gubernatory bu transport heläkçiliginde ýene 13 çaganyň ýaralanandygyny aýtdy. Maglumata görä, bu waka paýtagt Kairden 350 kilometr töweregi günortada ýüz beripdir.

Wakada bir çagalar bagynyň çagalaryny syýahata alyp barýan awtobus otly ýoluň üstünde togtanda, ony otly gelip kakypdyr.
XS
SM
MD
LG