Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Orsýet ABŞ-nyň Kongresiniň täze kararyna alada bildirýär


Şenbe güni Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň adam hukuklary, demokratiýa we kanunçylyk boýunça ýörite wekili Konstantin Dolgow Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň anna güni Orsýet babatynda kabul eden täze kanuny proýektine alada bildirdi.

Anna güni Birleşen Ştatlaryň Wekiller palatasy 1974-nji ýylda şol wagtky Sowet Soýuzy bilen söwda gatnaşyklaryny çäklendirmek üçin girizilen “Jekson-Wanik goşmaçasy” diýlip atlandyrylýan düzgüni ýatyrdy.

Bu düzgün garaşsyzlyk ýyllarynda Orsýete garşy ulanylyp gelnipdi. Emma, beýleki tarapdan, Wekiller palatasy Orsýetiň köpsanly ýokary derejeli resmilerine garşy sanksiýalary göz öňünde tutýan “Magnitskiý Akty” diýlip atlanydyrylýan täze bir düzgüni-de kabul etdi.

Orsýetiň Daşary işler ministrliginiň ýörite wekili Konstantin Dolgow bu täze düzgüni “hoşniýetsiz we prowakasion” diýip atlandyrdy.
XS
SM
MD
LG