Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl rezerw güýçlerini serhetlerine jemleýär


Ysraýyl-Gaza dartgynlylygy artýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:01:55 0:00

Şenbe güni Ysraýyl bilen Gaza Sektorynyň arasynda ikitaraplaýyn raketa oklarynyň atylmagy dowam etdi. Gaza, 17-nji noýabr, 2012. "Roýteriň" wideosy.

Palestinanyň Hamas toparynyň söweşijileri bilen Ysraýylyň güýçleriniň söweşleriniň dowam edýän bir wagtynda şenbe güni Tunisiň daşary işler ministri Rafik Abdessalem Gaza Sektoryna sapara bardy.

Gaza Sektorynda eden çykyşynda ol Palestinanyň territoriýasyna Ysraýylyň amala aşyran soňky howa hüjümlerini berk ýazgardy.

“Halkara kanunlary we halkara çäklendirmeleri bar. Ysraýylyň edýän bu işleri kabul ederlikli iş däl we ol bikanun. Ysraýyl indi köp zatlaryň özgerendigine we Arap derýasyndan köp suwlaryň akyp geçendigine (red: ýagdaýlaryň özgerendigine) düşünmelidir. Ol özüniň bütinleý erkin däldigine, bütinleý sarsmaz däldigine hem-de halkara kanunlaryndan ýokarda durmaýandygyna göz ýetirmelidir” diýip, Rafik Abdessalem nygtady.

Gaza şäherine Ysraýylyň atan nobatdaky raketa okunyň döreden äpet tüssesi. Gaza, 17-nji noýabr, 2012.
Gaza şäherine Ysraýylyň atan nobatdaky raketa okunyň döreden äpet tüssesi. Gaza, 17-nji noýabr, 2012.
Rafik Abdessalem soňky iki günüň dowamynda Gaza Sektoryna sapara baran ikinji ýokary derejeli arap resmisi boldy. Onuň öňýany, anna güni Müsüriň premýer-ministri Heşam Kandil hem Gaza Sektoryna sapar edipdi.

Bu wakalaryň fonunda Ysraýylyň telewideniýesi şenbe gününe geçilen gije Gaza Sektorynyň territoriýasyna Ysraýylyň 180 töweregi howa hüjümini amala aşyrandygyny habar berdi. Bu hüjümlerden birinde Gaza Sektorynyň merkezi hökümet binasy-da weýran edildi.

Palestinanyň medisina resmileri anna agşamsy amala aşyrylan howa hüýümlerinde azyndan sekiz adamyň ölendigini tassykladylar.

Ysraýyl basyşyny güýçlendirýär

Anna güni giçlik Ysraýylyň hökümeti gyssagly ýagdaýda 75 müň töweregi adamy rezwerden harby gulluga çagyrdy we olary Gaza bilen araçäk ýerlere jemläp başlady. Köp ekspertler munuň Gaza Sektoryna garşy uly gerimde gury ýer operasiýasyna görülýän taýýarlykdygyny aýdýarlar.

Ysraýylyň Goranmak ministrligi bolsa häzirki wagt Gaza Sektoryna barýan esasy transport ýollarynyň hemmesini baglandygyny hem-de bu sektory “ýapyk söweş zonasy” diýip yglan edendigini aýdýar.

Ysraýylyň Goranmak ministrliginiň metbugat sekretary Awital Leýbowiç şenbe güni habarçylara beren interwýusynda Ysraýylyň güýçleriniň Gaza Sektoryndan bu ýurduň territoriýasyna edilýän raketa hüjümleriniň soňuna çykmakçydygyny nygtady.

“Şu günki gün Hamasyň köp ýokary derejeli söweşjeň liderleriniň gizlenýändiklerini görýäris. Emma olar metjitler, keselhanalar ýaly graždan obýektlerde gizlenýärler. Bu ýagdaýlar bize Hamasyň indi uly basyş astyndadygyny çaklamaga esas berýär” diýip, Awital Leýbowiç belledi.

Bu wakalaryň fonunda Eýranyň goranmak ministri Ahmad Wahidi şenbe güni çykyş edip, bütin musulman dünýäsiniň Ysraýyla garşy jebisleşmelidigini nygtady.

Ol IRNA habar agentligine beren interwýusynda “Sionist režimiň (Ysraýylyň) jenaýatçylyklarynyň soňuna çykmaklyk diňe musulman dünýäsiniň jebisleşmegi we rewolýusion ar alyjylykly hereket etmegi arkaly mümkindir” diýip belläpdir.
XS
SM
MD
LG